Türkmenistanly hünärmenler eýranly kärdeşleri bilen innowasiýalar we tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirdiler

Horasan-Rezawi welaýatynyň ylmy-tehnologiýalar parkynyň mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri Eýranda saparda boldular. Şeýle-de olar Maşadyň ylmy-tehnologiýalar parkyna baryp görüp, bu düzümiň nebithimiýa, elektron senagat we beýleki pudaklardaky işiniň aýratynlyklary bilen tanyşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 22-nji awgustyndaky sanynda çap edilen «Habarlar: Halkara giňişlikde» atly rubrikanyň «Ylmy-tehnologik hyzmatdaşlyga gyzyklanma» diýen makalasynda habar berildi.

Türkmenistanly hünärmenler eýranly kärdeşleri bilen innowasiýalar we tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirip, onuň bilelikde täze tehnologiýalary işläp taýýarlamaga, iki ýurduň ylmy mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdiler. Şeýle-de Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Eýranyň «Horasan» ylmy-tehnologiýalar parkynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek baradaky teklip beýan edildi. Munuň özi ylmy-barlag we tehnologik ugurly hyzmatdaşlygy berkitmäge mümkinçilik döreder.

Ответить