Türkmenistanly işewürler «HORECA Uzbekistan» atly ilkinji halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar

Özbegistanyň Myhmanhanalar birleşigi türkmen işewürlerini 2024-nji ýylyň 8 — 10-njy oktýabry aralygynda Daşkentde geçiriljek «HORECA Uzbekistan» atly ilkinji halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Bu barada «hoteliers.uz» web saýtynda habar berildi.  

         Özbegistan Respublikasynyň Syýahatçylyk komitetiniň goldawy bilen guraljak bu çäre myhmanhana işewürliginde gazanylan üstünlikleri görkezmek we işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin ajaýyp platforma bolar. Sergi Özbegistandan hem-de daşary ýurtlardan myhmanhana we restoran işewürliginiň öňdebaryjy wekillerini bir ýere jemlär. Serginiň maksatnamasy şulary öz içine alýar:

— myhmanhana işewürligi üçin harytlaryň we hyzmatlaryň sergisi;

— maslahatlar we ussatlyk sapaklary;

— hünär bäsleşikleri;

— dünýä aşhanalarynyň festiwaly.

         Serginiň bölümleri içerki dizaýn we hünär enjamlaryndan başlap, awtomatlaşdyryş we howpsuzlyk ulgamlaryna çenli köp sanly temany öz içine alýar.

         Çäräniň çäginde 8-nji oktýabrda myhmanhana işewürliginde «ýaşyl» tehnologiýalara we sanlylaşdyrmaga bagyşlanan maslahat geçiriler.

Ответить