Türkmenistanyň BAE-däki Ilçihanasynda BAE-niň Emirlikleriň Arap atlary jemgyýetiniň uly dolandyryjysy bilen duşuşyk geçirildi

Perşenbe güni – 2024-nji ýylyň 8-nji awgustynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçihanasynda Türkmenistanyň bu ýurtdaky Ilçisi Serdar Garajaýew bilen BAE-niň Emirlikleriň Arap atlary jemgyýetiniň uly dolandyryjysy Zaýton Al Mansuriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçihanasynyň resmi web saýtynda habar berildi.

Duşuşykda medeni çäreleriň ähmiýeti we 2024-nji ýylyň 2-nji dekabrynda BAE-niň Garaşsyzlygynyň 53 ýyllygyny bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistandan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlary toparynyň bu ýurda saparyny gurnamagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Zaýton Al-Mansuri duşuşykda bu saparyň ikitaraplaýyn medeni gatnaşyklary pugtalandyrjakdygyny belläp, «Galkynyş» topary bilen guramaçylyk meseleleri boýunça işleriň alnyp barylýandygyny mälim etdi.

Ilçi Serdar Garajaýew BAE-ne Ahalteke atlaryny getirmegiň we äkitmegiň, şeýle-de olara bu ýerde ideg etmegiň ähmiýetini belläp, olary ýerine ýetirmek üçin amatly şertleri döretmegiň zerurdygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda myhmanlara «akylly» Arkadag şäherinde milli bedewleri ösdürip ýetişdirmekligiň ýörelgeleri we bu şäherde dünýä standartlaryna laýyklykda gurlan Döwlet Aba Annaýewiň adyndaky Halkara Atçylyk Akademiýasynyň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň we Halkara Ahalteke atçylyk toplumyny işi bilen tanyşdyrýan wideo görkezildi.

Ответить