Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygyna berk käýinç yglan edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Saparow Allaberdi Orazmämmedowiçe berk käýinç yglan edildi. Bu barada şu gün Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň resmi web sahypasynda hem-de «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Ответить