Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 1 162 500,00 manada we 828 250,00 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy

Düýn – 2024-nji ýylyň 23-nji awgustynda Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 1 162 500,00 manada we 828 250,00 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Anna güni Türkmenistanyň birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystan döwletiniň işewürleri “Türkmennebit” Döwlet konserninden “L-0,5-62” kysymly dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürler Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden düz float aýnasyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 1 162 500,00 manada we 828 250,00 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.

Ответить