Türkmenistanyň içeri işler ministrliginiň instituty
Salgysy:Aşgabat, köç. 2052 (Esgerler), 9
Telefon belgiňiz:+(99312) 364517 364497
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty 2023-2024-nji okuw ýyly üçin okuwa çagyrýar:
1. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutyna içeri işler edaralarynyň işgärlerine bildirilýän talaplara doly gabat gelýän, orta we orta hünär bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli 26 ýaşy dolmaýan erkek raýatlar, şeýle hem 18 ýaşdan kiçi bolmadyk we 23 ýaşy dolmadyk zenan raýatlar kabul edilýär.
2. Şu aşakdaky fakultetlere okuwa kabul edilýär:
- hukuk fakulteti;
- ýörite edaralar fakulteti;
- ýangyn-tehniki fakulteti;
- içerki goşunlar fakulteti.
3. Dalaşgärleriň resminamalary ministrligiň institutynyň okuw merkezinde 2023-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli kabul edilýär.