Türkmenistanyň ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary Aýşe Berris Ekinçi bilen söhbetdeşlik geçirdi

Düýn – 2024-nji ýylyň 26-njy iýulynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Aýşe Berris Ekinçi bilen söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

         Türkiýäniň daşary işler ministrliginde geçirilen söhbetdeşlikde taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürilmeginiň geljegi barada pikir alyşdylar. Şeýle hem söhbetdeşler şu ýylyň dowamynda ýokary derejedäki meýilleşdirilen saparlara we duşuşyklara aýratyn üns berdiler.

         Türkmenistanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mekan Işangulyýew bilen Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Aýşe Berris Ekinçi söhbetdeşligiň dowamynda ýangyç-energetika pudagyndaky türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň meselelerini, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň depginini ýokarlandyrmagyň, energetika we ulag pudagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirilmeginiň ýollaryny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem taraplar   türkmen halkynyň we tutuş Gündogar edebiýatynyň beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli bilelikde çäreleri geçirmek bilen baglanyşykly meseleler, halkara we sebitara gün tertibindäki meseleler barada pikir alyşdylar.

         Söhbetdeşlik tamamlananyndan soňra, Türkmenistanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Aýşe Berris Ekinjä mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabyny sowgat gowşurdy.


Ответить