Türkmenistanyň metbugat hünärmenleriniň wekiliýeti IX Hazar mediaforumyna gatnaşdy

2024-nji ýylyň 16 – 17-nji awgustynda Türkmenistanyň metbugat hünärmenleriniň wekiliýeti Astrahanda geçirilen IX Hazar mediaforumyna gatnaşdylar. Mediaforumyň birinji gününde oňa gatnaşyjy döwletleriň – Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Russiýa, Türkmenistan, Belarussiýa we Özbegistan ýaly ýurtlaryň wekilýetleriniň ýolbaşçylarynyň ýygnagy boldy.

Çäräniň esasy gününde, 17-nji awgustda umumy mejlis we tematiki sessiýalaryň bäşisi geçirildi. Oňa gatnaşyjylar sungatda we metbugatda sanly tehnologiýalaryň ösüşi, nusgawy sungatyň we kinonyň ähliumumy aragatnaşyk dili hökmünde täze durmuşyny, şeýle hem Ýewraziýa giňişliginde medeni hem taryhy jebisligiň mysallaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, «Derňew žurnalistikasy» ussatlyk sapagy we Hazar ýurtlarynyň habarlar agentlikleriniň wekilleriniň duşuşygy guraldy.

Forumyň çäginde «Serhetsiz Hazar deňzi» atly iň gowy žurnalistiki eser ugrundaky bäsleşigiň netijelerini jemlemek dabarasy hem geçirildi. Çäräniň dowamynda Russiýadan, Azerbaýjandan, Eýrandan, Gazagystandan we Türkmenistandan sazandalary öz içine alýan Hazar döwletleriniň simfoniki orkestriniň «Hazar möwsümleri» medeni festiwaly boldy.

Ответить