Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

Düýn – 2024-nji ýylyň 12-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň aýry-aýry meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Dostlukly ýurduň Hökümetiniň ýolbaşçysy telefon arkaly söhbetdeşligi geçirmek baradaky teklibi goldandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi hem-de Astana şäherinde 9-njy awgustda geçirilmegi meýilleşdirilen “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitiniň we ikitaraplaýyn duşuşygyň yza süýşürilmeginiň Ýaponiýada bolup geçen güýçli ýertitreme bilen baglydygyny aýdyp, göz öňünde tutulan bu çäreleriň yza süýşürilmeginiň düşünmek bilen kabul edilmegini haýyş etdi.

Öz gezeginde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýada bolup geçen ýertitreme baradaky habary gynanç bilen kabul edendigini belläp, türkmen halkynyň adyndan we hut öz adyndan çuňňur gynanjyny, medet beriji sözlerini, şeýle hem ähli ejir çekenlere tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň kabul eden çözgüdine düşünmek bilen garaýandygyny belläp, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berjek ikitaraplaýyn gepleşikleri islendik amatly wagtda geçirmäge taýýardygyny aýtdy.

Fumio Kisida bu sözler üçin çuňňur hoşallygyny bildirip, ýokarda agzalan sammitiň we ikitaraplaýyn duşuşygyň ýakyn wagtda ýokary derejede guralmagy üçin ýapon tarapyndan ähli tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini hem-de ony ileri tutulýan ugurlaryň ählisi boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Şunda ýurtlarymyzyň diňe ikitaraplaýyn esasda däl, eýsem, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde-de ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy.

Ýaponiýanyň Premýer-ministri hem ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, däp bolan gatnaşyklary ösdürmegiň, halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny nygtady.

Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlyga möhüm ornuň degişlidigi bellenildi. Soňky ýyllarda amala aşyrylan bilelikdäki taslamalaryň we ýerine ýetirilen işleriň netijesinde ykdysady hyzmatdaşlyk strategik, uzak möhletleýin häsiýete eýe boldy. Türkmenistanda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy, bilelikdäki işiň toplanan oňyn tejribesi türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň esasy ugry bolan söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleri açýar. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk giň ugurlary, şol sanda senagat pudagyny, ulag-kommunikasiýa, ýangyç-energetika ulgamlaryny we beýleki ugurlary öz içine alýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow deňhukuklylyk, milli bähbitleri, iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan wezipelerini nazara almak ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan döwletara dialogyň ösdürilmeginiň wajypdygy barada aýdyp, Ýaponiýanyň Premýer-ministrini özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Dostlukly ýurduň Hökümetiniň ýolbaşçysy çakylyk üçin hoşallyk bildirip, ýapon tarapynyň hem netijeli hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirýändigini we bilelikdäki işiň täze ugurlaryny kesgitlemek üçin Türkmenistanyň Prezidenti bilen ýakyn wagtda gepleşikleriň geçirilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny aýtdy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işlerinde uly üstünlikleri, iki dostlukly ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Ответить