Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: «Harytlaryň bahalarynyň ýokarlanmagyna ýol berilmeli däl»

4-nji noýabrda sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň söwda toplumyny ösdürmek boýunça geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow halkyň gündelik sarp edýän harytlary bilen üpjünçilik meselesine hem-de olaryň bahalaryna gözegçilik etmek bilen bagly çärelere aýratyn ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany wise-premýere gurluşyk we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça kiçi, orta we iri işewürlik kärhanalaryny döretmegiň maksatnamalarynyň amala aşyrylyşyny çaltlandyrmagy, özümizde öndürip biljek önümlerimizi daşardan getirmegi bes etmegi tabşyrdy. Türkmenistanyň Prezidenti bu çäreleriň, ilkinji nobatda, täze iş orunlaryny döretmäge, kärhanalaryň we raýatlaryň iş üpjünçiligini öňki derejesinde saklamaga gönükdirilmelidigini aýtdy.

Milletiň Lideri wise-premýer Ç.Gylyjowa hem-de söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri O.Gurbannazarowa ýüzlenip, ýurdumyzda giňden bellenýän Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de Täze ýyl baýramynyň ýetip gelýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz halkyň sarp edýän harytlaryna bolan islegleriň has-da artýandygyny göz öňünde tutup, içerki bazaryň üpjünçiligine, baýramçylyk söwdalaryna şu günlerden taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutany hususy haryt öndürijileriň azyk önümlerini gündelik söwdada elýeterli bahalardan ilata ýetirmegiň wajypdygyny aýdyp, şu maksat bilen, söwda kärhanalarynyň öndüriji kärhanalar bilen netijeli hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň möhümdigini nygtady.

ÇEŞME:TP

Ответить