Türkmenistanyň Prezidenti milli ykdysadyýetiň makroykdysady görkezijilerine kanagatlanma bildirdi

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijilerine kanagatlanma bildirdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň resmi web sahypasynda habar berildi.

Bu habardan mälim bolşy ýaly, düýn – 2024-nji ýylyň 30-njy awgustynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça möhüm meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijilerini durnukly saklamak boýunça zerur işleri geçirmegiň wajypdygyny belledi. Şunda jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary derejede saklamaga möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere hereket edýän önümçilikleri döwrebaplaşdyrmak, täzeleriniň işini ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolmagy munuň aýdyň güwäsidir. Bu görkeziji senagat pudagynda 3,6 göterime, ulag we aragatnaşykda 7,1 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7 göterime, söwda ulgamynda 7,8 göterime, gurluşykda 9,3 göterime, oba hojalyk pudagynda bolsa 7,8 göterime deň boldy. Şeýle-de hasabat döwründe ýurdumyzda iri senagat, durmuş maksatly desgalardyr binalar dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi.

Ответить