Türkmenistanyň söwda toplumynyň ösüş depgini günsaýyn ýokarlanýar

Türkmenistanyň söwda toplumynyň ösüş depgini günsaýyn ýokarlanýar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň resmi web sahypasynda habar berildi.

Bu habardan mälim bolşy ýaly, düýn – 2024-nji ýylyň 30-njy awgustynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça möhüm meselelere garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, hususy pudakda şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 104,5 göterime barabar boldy. Öndürilen önümleriň ösüş depgini 103 göterim ýerine ýetirildi. Dokma senagaty ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň öndürilişi 139,4 göterime, nah matalaryňky 125 göterime, tikin we trikotaž önümleriniňki 105 göterime, gön önümleriniňki 119,6 göterime barabar boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 100,1 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan ýanwar — iýul aýlarynda 174 birža söwdasy geçirilip, olarda 16 müň 821 şertnama hasaba alyndy. Hasabat döwründe Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 103,1 göterime barabar boldy. Sergileriň 13-si, maslahatlaryň 77-si geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk hem-de azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 107,3 göterime, senagat önümleriniň ösüş depgini 105,8 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda toplumynyň işini kämilleşdirmek, hususy pudagyň önümçiliklerini artdyrmak boýunça zerur çäreleri görmegiň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz täze önümçilikleri döretmek, eksporta iberilýän önümleriň mukdaryny köpeltmek babatda maksatnamalaýyn işleri geçirmegiň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak işlerini çaltlandyrmagyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere degişli tabşyryklar berildi.

Ответить