Türkmenistanyň telekeçileri ABŞ-da geçirilen «Techtextil North America» atly dokma önümleriniň sergisine gatnaşdy

Türkmenistanyň telekeçileri şu ýylyň 20-22-nji awgusty aralygynda ABŞ-nyň Demirgazyk Karolina ştatynyň Roli şäheriniň «Raleigh» maslahat merkezinde geçirilen «Techtextil North America» atly dokma önümleriniň sergisine gatnaşdy. Bu barada «Ata Watan Türkmenistan» halkara žurnaly habar berdi.

 Türkmen telekeçileri önümlerini we hyzmatlaryny bu ugurdaky dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryna hödürlemek, hyzmatdaşlygy ýola goýmak we täze işewürlik gurmak mümkinçiligine eýe boldular.

Dokma senagaty pudagynda möhüm ähmiýete eýe bolan «Techtextil North America» sergisinde Hytaýdan, Kolumbiýadan, Müsürden, Hindistandan, Italiýadan, Ispaniýadan, Türkiýeden, Türkmenistandan we beýleki köp sanly ýurtdan gelen işewürler öz önümlerini görkezildi.

Bu sergä gatnaşanlaryň hatarynda Türkmenistan döwletimize wekilçilik eden «Ynarly Ýörelge» höjalyk jemgyýeti «Kement Fiber» markasyny hödürledi. Türkmenistanyň çäginde işleýän ýaş we döwrebap kompaniýa hökmünde, polipropilen çig mallaryndan CF FDY köpugurly polipropilen sapaklaryny öndürmek we satmak bilen meşgullanýar.

Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, sapaklaryň yzygiderli we ýokary hilini üpjün etmek üçin dünýä öndürijileriniň iň täze enjamlaryny ulanýarlar. Türkmen telekeçileriniň diwarlygynda türkmen halylarynyň we milli egin-eşikleriniň, şeýle hem Amerikada «dutar bagşy» ady bilen tanalýan Batyr Ödäýewiň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan dutaryň owazy sergä gatnaşyjylarda Türkmenistan barada ýakymly ýatlamalary galdyrdy.

Şeýle sergi geljek ýyl, ýagny 2025-nji ýylyň 6-8-nji maýy aralygynda ABŞ-nyň Jorjiýa ştatynyň Atlanta şäherinde geçiriler.

Sergä gatnaşýan kompaniýalar şu mümkinçiliklere eýe bolýarlar:

Innowasiýa: «Techtextil North America»  sergisi akademiki meýilnamalar, gözleg institutlary we pudak birleşikleri bilen hyzmatdaşlygyň etmek arkaly pudak ýolbaşçylarynyň arasynda pikir alyşmak we hyzmatdaşlygyň üsti bilen innowasiýa üçin amatly gurşaw döredýär.

Täze işewürlik mümkinçilikleri: Sergi oňa gatnaşyjylara we myhmanlara dünýä dokma pudagynyň esasy önüm öndürijileri bilen hyzmatdaşlyk etmäge  özboluşly mümkinçilik döredýär.

Önümleriň köpdürlüligi: sergide hödürlenen önümler toplumy dokma pudagynyň ähli ugurlaryny, şeýle hem dokalmaýan materiallar boýunça giň maglumat almaga şert döredýär.

Bilim: sergä gatnaşyjylar pudagyň öňdebaryjy hünärmenleriniň we bilermenleriniň gatnaşmagynda geçirilen okuw sapaklarynyň hasabyna bilimleriniň gerimini giňetlmäge we bäsdeşlik artykmaçlygyny almaga mümkinçilik aldylar.

Ответить