Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň arasynda energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesine gyzyklanma bildirildi

Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 6-njy mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň arasynda energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy we degişli döwlet düzümleriniň ýolbaşçylarynyň ulag, energetika, söwda, syýahatçylyk ulgamlarynda bilelikdäki hereketleriň mümkinçiliklerine bagyşlanan hasabatlary diňlenildi. Bu barada Türkmenistan gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 26-njy iýulyndaky sanynda neşir edilen «Bilelikdäki tagallalar — anyk maksatlara» atly makalada habar berildi.

         Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 6-njy mejlisiniň netijeleri boýunça jemleýji Teswirnama gol çekildi hem-de 2025-nji ýylda Türkmenistandan Gyrgyz Respublikasyna elektrik energiýasyny ibermek baradaky gol çekilen resminamalary alyşmak dabarasy geçirildi. Munuň özi ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlyga goşmaça itergi berjek möhüm ädimdir.

Ответить