Türkmenistanyň wekiliýeti Kazan şäherinde geçirilen III Ählumumy ýaşlar sammitine gatnaşdy

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen III Ählumumy ýaşlar sammitine Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 27-nji awgustyndaky sanynda çap edilen  «Habarlar: Halkara giňişlikde» rubrikasynyň «Gün tertibinde — ýaşlar meselesi» atly makalasynda habar berildi.

Dünýäniň 43 döwletinden 100-den gowrak wekili bir ýere jemlän forumda ýaşlaryň durmuşyna, iň gowy tejribeleri alyşmaga, ýurtlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge ýardam berjek bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamaga degişli möhüm meselelere aýratyn üns çekildi. Türkmen tarapynyň wekili, öz gezeginde, Türkmenistanda döwlet ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça toplanan tejribeler barada gürrüň berdi.

Sammitiň çäklerinde B.Rameýew adyndaky Tehnoparkyň işi bilen tanyşmaga, Powolžsk döwlet bedenterbiýe medeniýeti, sport we syýahatçylyk uniwersitetine, «Ýaratam» ýetginjekler klubuna baryp görmäge hem mümkinçilik döredildi.

Ответить