Türkmenistanyň  ýaş wekilleri«Baýkal forum 2024» halkara çäresine gatnaşdylar

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň we üç ýokary okuw jaýynyň wekilleri 2024-nji ýylyň awgust aýynyň 16-syndan 19-y aralygynda geçen Baýkal ýaşlar forumyna gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistan Habarlar portaly habar berdi.

«Durnukly ösüş maksatlary» ady bilen geçen forum RF-nyň Burýatiýa Respublikasynda Baýkal kölüniň kenarynda geçdi. Foruma gatnaşyjylar 13 döwletden we Russiýanyň 7 sebitinden 300 sany ýaşlar boldy. Olar – ýaşlar jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we işjeň agzalary, ýaş höhümet we munisipal edara işgärleri, talyplar, döredijilik işgärleri, telekeçiler.

Baýkal forumy zehinli we işjeň ýaşlar bileleşigini döretmek, döwletiň ýaşlar syýasatynyň wajyp meselelerini çözmek, halkara ýaşlar guramalary bilen gatnaşyklary berkitmek, şeýle-de üstünlikli ýaş adamyň dürli ugurlar boýunça hukugyny ösdürmek maksady bilen gurnaldy.

«Baýkal forum 2024» atly çäräniň maksatnamasy baý mazmuna eýe bolup, belli adamlar bilen söhbetdeşlikden, tejribe alyşmakdan, täze tanyşlyklary açmakdan we hususy taslamalaryň işläp taýýarlamagyndan ybarat boldy. Halkara ýaşlar guramalarynyň toparlary watan söýüjilik, meýletinlik, medeniýet we sungat, media ulgamy we ýolbaşçylyk ugurlary boýunça bäş dürli meýdançada üç günläp işlediler.

Şeýle-de ýaşlar medeniýet aragatnaşyklarynda we jemgyýetçilik pikiriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklarda hünär okuwlaryna, türgenleşiklere, iş bilen baglanyşykly oýunlara, döwlet ýaşlar syýasaty boýunça öňdebaryjy federal we sebitleýin hünärmenler tarapyndan ussat sapaklaryna gatnaşdylar.

Ответить