Türkmenistanyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda — Hukuk Maglumatlary

UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Şu Kanunyň wezipeleri

Şu Kanun Türkmenistanyň çäginde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň hukuk esasyny kesgitleýär, ýol hereketiniň howpsuzlygy çygrynda döreýän gatnaşyklary düzgünleşdirýär we raýatlaryň janyny, saglygyny we emlägini gorap saklamagy üpjün etmäge, olaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini, şeýle hem daşky gurşawy goramaga gönükdirilendir.

2-nji madda. Şu Kanunda peýdalanylýan esasy adalgalar

Şu Kanunda aşakdaky esasy adalgalar peýdalanylýar:

1) pyýada – ulagdan daşarda bolan we ýolda iş geçirmeýän adam;

2) sürüji – haýsy-da bir ulagy dolandyrýan, ýükçi, münülýän mallary idip ýa-da sürini ýolda alyp barýan süregçi. Ulagy sürmegi öwrediji sürüji bilen deňleşdirilýär;

3) tirkeg — hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylmadyk we mehaniki ulaglaryň düzüminde hereket etmäge niýetlenen ulag serişdesi;

4) ulag — ýollarda adamlary gatnatmak, ýükleri ýa-da üstünde oturdylan enjamlary daşamak üçin niýetlenilen serişde;

5) ýol — abadanlaşdyrylan ýa-da ulanylyşa ýaramly edilen we ulag serişdeleriniň hereket etmegi üçin ulanylýan ýer zolagy ýa-da emeli desganyň üsti. Ýol bir ýa-da birnäçe gatnaw ugurlaryny, şeýle hem tramwaý ýollaryny, pyýada ýodalary, ýol gyralaryny we olarda bolan bölüji zolaklaryny öz içine alýar;

6) ýolagçy – sürüjiden başga ulag serişdesinde bar bolan adam, şeýle hem ulag serişdesine girýän (oňa münýän) ýa-da ulag serişdesinden çykýan (ondan düşýän) adam;

7) ýol hereketi — adamlaryň we ýükleriň ulag serişdeleriniň kömegi bilen ýa-da ulagsyz ýollaryň çäklerinde hereket etmeginiň barşynda ýüze çykýan jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň jemi;  

8) ýol hereketine gatnaşyjy – sürüji, pyýada, ulag serişdesiniň ýolagçysy hökmünde hereket amallaryna gönüden-göni gatnaşýan adam;

9) ýol hereketiniň guralyşy — ýollarda hereketi dolandyrmak boýunça guramaçylyk-hukuk, guramaçylyk-tehniki çäreleriň we serenjam beriş işleriniň toplumy;

10) ýol-ulag hadysasy – ulag serişdesi ýolda hereket edýän mahaly we onuň gatnaşmagynda ýüze çykyp, adamlaryň heläk bolmagyna ýa-da ýaralanmagyna, ulag serişdelerine, ýüklere, desgalara maddy zyýanlaryň ýetirilmegine sebäp bolan waka;

11) ýol hereketiniň howpsuzlygy — ýol hereketine gatnaşyjylaryň ýol-ulag hadysalaryndan we olaryň netijelerinden goraglylyk derejesini görkezýän ýol hereketiniň ýagdaýy;

12) ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek — ýol-ulag hadysalarynyň döremeginiň sebäpleriniň öňüniň alynmagyna, olaryň netijeleriniň agyrlygynyň peseldilmegine gönükdirilen iş.

3-nji madda. Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

1. Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna esaslanýar hem-de şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

2. Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulanlardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

4-nji madda. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň esasy ýörelgeleri

Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň esasy ýörelgeleri şular bolup durýar:

1) ýol hereketine gatnaşýan adamlaryň janynyň we saglygynyň hojalyk işiniň ykdysady netijelerinden ileri tutulmagy;

2) ýol hereketiniň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi üçin döwletiň jogapkärçiliginiň ýol hereketine gatnaşýan adamlaryň jogapkärçiliginden ileri tutulmagy;

3) ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde raýatlaryň, jemgyýetiň we döwletiň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň berjaý edilmegi;

4) ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işe ýörite-maksatnamalaýyn çemeleşilmegi;

5) Türkmenistanda ulanylmagy hereket edýän standartlar bilen düzgünleşdirilen tehniki serişdeleri we gurluşlary toplumlaýyn ulanmak;

6) ýol hereketiniň howpsuzlygynyň derejesini peseltmegiň hasabyna ýollaryň geçirijilik mümkinçiligini artdyrmak ýa-da beýleki maksatlar üçin ýol hereketiniň guralyşynda üýtgetmeleriň girizilmegine ýol bermezlik.

II bap. ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGYNY ÜPJÜN ETMEK ÇYGRYNDA DÖWLET SYÝASATYNYŇ ESASY UGURLARY

5-nji madda. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň esasy ugurlary

1. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralarynyň we beýleki ygtyýarly döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklaryny we jogapkärçiligini bellemek arkaly amala aşyrylýar.

2. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň esasy ugurlary şular bolup durýar:

1) Türkmenistanyň çäginde ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak we olaryň netijeleriniň agyrlygyny peseltmek maksatlary bilen döwlet edaralarynyň, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralarynyň we beýleki ýuridik şahslaryň, şeýle hem fiziki şahslaryň işini utgaşdyrmak;

2) awtomobil, ýer üsti şäher elektrik ulaglarynda we ýol hojalygynda  işi düzgünleşdirmek;

3) ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň meseleleri boýunça bellenilen tertipde kadalaşdyryjy hukuk namalaryny (düzgünleri, standartlary, tehniki kadalary we beýleki kadalaşdyryjy resminamalary) işläp düzmek we tassyklamak;

4) ýol hereketini guramak boýunça işi amala aşyrmak;

5) ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça çäreleri maddy-tehniki we maliýe taýdan üpjün etmek;

6) ulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamagy we gaýtadan taýýarlamagy, raýatlara Ýol hereketiniň kadalaryny hem-de ýol hereketiniň howpsuzlygynyň talaplaryny okatmagy guramak;

7) ýol hereketiniň howpsuzlygyny lukmançylyk taýdan üpjün etmek boýunça çäreler toplumyny geçirmek;

8) ulag we ýol hojalyk desgalarynyň, önümleriniň we hyzmatlarynyň hökmany güwälendirilmegini amala aşyrmak;

9) ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly işi ygtyýarlylandyrmak;

10) ulagda ätiýaçlandyryş çygrynda durmuş taýdan gönükdirilen syýasaty alyp barmak;

11) ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň, düzgünleriň, standartlaryň, tehniki kadalaryň we beýleki kadalaşdyryjy resminamalaryň ýerine ýetirilişine döwlet gözegçiligini amala aşyrmak.

III bap. ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGYNY

ÜPJÜN ETMEKDE DÖWLET EDARALARYNYŇ

YGTYÝARLYKLARY

6-njy madda. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary

Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti ygtyýarlyklarynyň çäginde:

1) Türkmenistanyň çäginde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny emele getirýär we alyp barýar;

2) ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar we olaryň durmuşa geçirilmegine gözegçiligi amala aşyrýar;

3) ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek we guramak meseleleri boýunça Ýol hereketiniň kadalaryny we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny tassyklaýar;

4) ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ekologiýa howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmek çygrynda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işini utgaşdyrýar;

5) ulag serişdeleriniň we ýollaryň tehniki ýagdaýyna, ýollar we demir ýol geçelgeleri boýunça ýol hereketiniň howpsuzlygyna ýeke-täk talaplary belleýär;

6) ulag serişdeleriniň sürüjileriniň taýýarlanylmagyna, şeýle hem ýollarda özüňi howpsuz alyp barmagyň düzgünleri boýunça ilatyň okadylmagyna umumy talaplary belleýär;

7) heläkçilikligiň, ýol-ulag şikeslenmesiniň görkezijileriniň, ulag serişdeleriniň, sürüjileriň, ýol hereketiniň çygryndaky hukuk bozulmalaryň sanynyň, ýollaryň ulag-ulanyş görkezijileriniň, şeýle hem ýol hereketiniň howpsuzlygynyň we ony üpjün etmek boýunça işleriň ýagdaýyny, bu çygyrda hasap maglumatlaryny peýdalanmagyň we hasabat maglumatlaryny emele getirmegiň tertibini görkezýän beýleki görkezijileriň  hasabynyň ýeke-täk döwlet ulgamyny belleýär;

8) ýol hereketiniň howsyzlygyny üpjün etmek bilen bagly işleri ygtyýarlylandyrmagyň tertibini kesgitleýär;

9) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

7-nji madda. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralarynyň ygtyýarlyklary

Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary:

1) ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirýär;

2) ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň çäkleýin maksatnamalaryny tassyklaýar we olaryň durmuşa geçirilmegine gözegçiligi amala aşyrýar;

3) ýol hereketiniň howpsuzlygyny lukmançylyk taýdan üpjün etmegi, şeýle hem ýol-ulag hadysalarynda ejir çekenlere lukmançylyk kömegini bermegi guraýar;

4) ýol-ulag şikeslenmesiniň öňüni almak, ilata ýollarda özüňi howpsuz alyp barmagyň düzgünlerini öwretmek, ýol hereketiniň howpsuzlygyny wagyz etmek we ekologiýa howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmek boýunça çäreleri görýär;

5) garamagyndaky dolandyryş-çäk birliklerindäki köçeleri, pyýada ýodalaryny we ýol hereketini düzgünleşdirýän ýol belgilerini we beýleki serişdeleri, şeýle hem şäher elektrik ulaglarynyň ugurlaryny abadanlaşdyrmagy hem-de gurat ýagdaýda saklamagy üpjün edýär;

6) içeri işler edaralary bilen ylalaşyp, daşarky mahabat we maglumat desgalarynyň mazmunynyň ýol hereketiniň howpsuzlyk düzgünleriniň talaplaryna laýyk gelmeginiň üpjün edilmegini amala aşyrýar.

8-nji madda. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda içeri işler edaralarynyň ygtyýarlyklary

Içeri işler edaralary ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda:

1) ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

2) ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda döwlet we çäkleýin maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini guraýar;

3) ýol hereketiniň howpsuzlygynyň we ony üpjün etmek boýunça işleriň ýagdaýyny görkezýän heläkçilikligiň, ýol-ulag şikeslenmesiniň görkezijileriniň, ulag serişdeleriniň, sürüjileriň, ýol hereketiniň çygryndaky hukuk bozulmalaryň sanlarynyň hasabynyň ulgamyny alyp barmagy amala aşyrýar;

4) fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan Ýol hereketiniň kadalarynyň, standartlaryň, tehniki kadalaryň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilişine döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;

5) ulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak baradaky işiň amala aşyrylmagyna gözegçilik edýär, raýatlary ulag serişdelerini dolandyrmaga hukuk berýän degişli synaglardan geçirýär we olara ulag serişdelerini dolandyrmaga hukuk berýän sürüjilik şahadatnamalaryny berýär;

6)  umumy ulanylýan awtomobil ýollarynda hereket etmek üçin niýetlenen awtomotoulag serişdelerini we olaryň tirkeglerini bellige alýar;

7) bellige alnan ulag serişdelerine we olaryň tirkeglerine döwlet tehniki barlagyny guraýar hem-de geçirýär;

8) ýol hereketini düzgünleşdirmegi amala aşyrýar;

9) ýol hereketine ähli gatnaşyjylar tarapyndan Ýol hereketiniň kadalarynyň ýerine ýetirilmegine gözegçiligi amala aşyrýar;

10) ulag serişdeleriniň eýeleri bolan we olary peýdalanýan kärhanalara, edaralara we guramalara Ýol hereketiniň kadalaryny ýerine ýetirmekleri baradaky talaplary bildirýär;

11) ýol hereketiniň howpsuzlygynyň bellenilen düzgünlerini bozýanlara Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan çäreleri ulanýar;

12) daşky görnüşi, tehniki ýagdaýy ýa-da beýleki sebäpler boýunça ýol hereketiniň howpsuzlygyna ýa-da daşky gurşawa zyýan ýetirýän ulag serişdelerini peýdalanmagy gadagan edýär;

13) Ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak maksady bilen sürüjileriň ulag serişdelerini dolandyrmaga hukuk berýän resminamalaryny, ýol hatlaryny we ýükleri daşamak üçin beýleki resminamalaryny barlaýar;

14) ýol-ulag hadysalaryny we Ýol hereketiniň kadalarynyň bozulmalaryny bellige alýar, olaryň sebäplerini we döremeginiň şertlerini öwrenýär, olary aradan aýyrmak üçin çäreleri görýär;

15) awtomobil ýollarynyň, köçeleriň, ýol desgalarynyň, demir ýol geçelgeleriniň, elektroulag serişdeleriniň hereketiniň ugurlarynyň taslamalarynyň düzülmegine, olaryň gurulmagyna, abatlanylmagyna, durkunyň täzelenilmegine we kabul edilmegine, hereket  howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda kadalaryň, kadalaşdyryjy görkezijileriň we ölçegleriň ylalaşylmagyna, şeýle hem görkezilen ulag serişdeleriniň ýol ugurlaryny ulanmaga kabul etmek boýunça toparlaryň işine gatnaşýar;

16) ýollaryň ýol hereket howpsuzlygynyň talaplaryna laýyk gelýändigine gözegçiligi amala aşyrýar;

17) agyr agramly, uly gabaraly, howply we ýörite ýükleri daşaýan ulag serişdeleriniň hereket ýol ugurlaryny tassyklaýar;

18) ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň baglaşylmagyna gatnaşýar.

9-njy madda. Ýol gurluşygy çygrynda ygtyýarly edaranyň ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ygtyýarlyklary

Ýol gurluşygy çygrynda ygtyýarly edaranyň ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ygtyýarlyklaryna şular degişlidir:

1) awtomоbiller arkaly daşaýyşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp düzmek;

2) garamagyndaky awtomobil ýollary boýunça ulag serişdeleriniň howpsuz hereket etmegi üçin olary abat ýagdaýda saklamagy üpjün etmek;

3) ýol hereketine gatnaşyjylary ýol örtüginiň ýagdaýy, gidrometeorologik we beýleki şertler, bar bolan hyzmat ediş desgalary we ýakyn aralykda ýerleşýän saglygy goraýyş we aragatnaşyk edaralary hakyndaky zerur maglumatlar bilen üpjün etmek;

4) ýol hereketine gatnaşyjylaryň isleglerini aňrybaş derejede kanagatlandyrmak we olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksatlary bilen awtomobil ýollarda ýol hereketini düzgünleşdiriji ýol belgilerini we beýleki serişdelerini, hyzmat ediş desgalaryny, gyssagly aragatnaşyk ulgamyny ýerleşdirmegi hem-de enjamlaşdyrmagy amala aşyrmak, olaryň işini we saklanmagyny üpjün etmek we guramak;

5) awtomobil ýollarynyň hereket üçin howply böleklerini ýüze çykarmak we şol böleklerde ýol hereketini guramagy kämilleşdirmek boýunça çäreleri görmek;

6) awtomobil ýollaryny we demir ýol geçelgelerini saklamagyň umumy kadalaryny işläp düzmek;

7) agyr agramly, uly gabaraly, howply we ýörite ýükleri daşaýan ulag serişdeleriniň hereket ýol ugurlarynyň kesgitlenilmegine gatnaşmak;

8) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrmak.

10-njy madda. Awtomobil ulaglary çygrynda ygtyýarly edaranyň ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ygtyýarlyklary

Awtomobil ulaglary çygrynda ygtyýarly edaranyň ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ygtyýarlyklaryna şular degişlidir:

1) ýol hereketine gatnaşmaga goýberilen ulag serişdelerini bellige almagyň, synag barlagyndan geçirmegiň we güwälendirmegiň hem-de ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda hyzmatlaryň tehniki şertlerini we usulýetini işläp düzmek;

2) şeýle hyzmatlary hödürleýän ulgamy we menzilleri kämilleşdirmek maksady bilen ulag serişdelerini bellige almak we tehniki synag barlagyndan geçirmek boýunça işler baradaky maglumatlary toplamak, jemlemek we seljermek;

3) ulag arkaly daşaýşy guramakda we amala aşyrmakda hökmany kadalary işläp düzmek, olaryň berjaý edilişiniň monitoringini amala aşyrmak;

4) ýol arkaly daşaýyş çygrynda ýörite düzgünleri işläp düzmek we olar amala aşyrylanda howpsuzlyk çärelerini bellemek;

5) ulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak, sürmegi öwredýän adamlary taýýarlamak we olara rugsatnama bermek, awtomobil mekdepleriniň işini ygtyýarlylandyrmak we oňa gözegçilik etmek, sürüjileri taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak boýunça düzgünleri, okuw maksatnamalaryny we gollanmalary işläp düzmek;

6) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrmak.

11-nji madda. Saglygy goraýyş çygrynda ygtyýarly edaranyň ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ygtyýarlyklary

Saglygy goraýyş çygrynda ygtyýarly edaranyň ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ygtyýarlyklaryna şular degişlidir:

1) ulag serişdeleriniň sürüjilerini we sürüjilige dalaşgärleri psihofiziologik we lukmançylyk taýdan gözden geçirmegiň kadalaryny işläp düzmek we bellemek;

2) sürüjiniň ulag serişdesini dolandyrmak ukybyna ýaramaz täsir edip biljek alkogolly içgileriň, neşe serişdeleriniň we beýleki psihoaktiw maddalaryň, derman serişdeleriniň ulanylmagyny anyklamak üçin biologok nusgalary almak we seljermek;

3) ýol-ulag hadysasynyň netijesinde ejir çeken adamlara ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň usullary barada ulag serişdeleriniň sürüjilerini, Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň we beýleki ýöriteleşdirilen düzümleriň işgärlerini okatmak boýunça mekdepler üçin maksatnamalary işläp düzmek;

4) ulag serişdeleriniň sürüjilerine ulanmak garşy gelýän lukmançylyk dermanlarynyň gaplaryna goýulmaly tanadyş belgisini işläp düzmek;

5) ilkinji lukmançylyk kömegini bermek üçin niýetlenen derman gutujygynyň içindäki düzümi tassyklamak we olary güwälendirmek;

6) ýol-ulag hadysasynyň netijesinde ejir çekenlere gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermek;

7) ýol hereketine gatnaşýan ulag serişdeleri tarapyndan döredilýän zenzeläniň derejesine gözegçiligi amala aşyrmak;

8) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrmak.

12-nji madda. Bilim çygrynda ygtyýarly edaranyň ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ygtyýarlyklary

Bilim çygrynda ygtyýarly edaranyň ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ygtyýarlyklaryna şular degişlidir:

1) Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen ylalaşyp, mekdebe çenli hem-de orta bilim edaralarynda ýollarda özüňi alyp barmagyň düzgünlerini öwretmek boýunça maksatnamalary işläp düzmek we şu ugurda terbiýeçilik işini üpjün etmek, şeýle hem işiň şeýle görnüşini amala aşyrýan pedagogik işgärleri taýýarlamak we olaryň hünär derejesini kämilleşdirmek;

2) Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen ylalaşyp, ýollarda özüňi howpsuz alyp barmagyň düzgünlerini okatmak boýunça okuw-usulyýet we innowasion gollanmalaryny işläp düzmek;

3) ýollarda özüňi howpsuz alyp barmagyň düzgünlerini okatmak boýunça bilim edaralarynyň işini ugrukdyrmak, utgaşdyrmak we olaryň işine gözegçilik etmek;

4) beýleki ygtyýarly edaralar bilen hyzmatdaşlykda ulag serişdeleriniň sürüjilerini we ýol arkaly daşaýşyň işgärlerini taýýarlamak üçin gözükdiriji-mugallym işgärlerini taýýarlamagyň,  synagdan geçirmegiň, hünär synagyndan geçirmegiň we olaryň hünär derejesini kämilleşdirmegiň usulyýet kadalaryny bellemek we ony guramak;

5) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrmak.

13-nji madda. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we harby edaralarynyň ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ygtyýarlyklary

1. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we harby edaralarynyň ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ygtyýarlyklaryna şular degişlidir:

1) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri, beýleki goşunlary we harby edaralary üçin awtoulag serişdeleriniň (şol sanda motoulag, bronlanan we beýleki tehniki serişdeleriniň) sürüjiler düzümini (harby gullugy geçýän harby gullukçylar we beýleki raýatlar) okatmak, taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak hem-de öz garamaklarynda bolan awtoulag sürüjilerini taýýarlamak boýunça okuw mekdepleriniň gözükdiriji-mugallym işgärlerine rugsatnamalar bermek;

2) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda ulag serişdelerini bellige almak we olaryň statistik hasabyny ýöretmek;

3) ulag serişdeleriniň öz parkyna tehniki gözegçiligi guramak we amala aşyrmak;

4) harby ulag serişdeleriniň kerwenlerini ugratmak;

5) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrmak.

2. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň düzümine girmeýän ýurduň goranmak meýilnamasyna laýyklykda goranmak çygrynda wezipeleri ýerine ýetirýänbeýleki goşunlar we harby edaralar üçin olaryň niýetlenilen ugruna laýyklykda şu maddanyň birinji böleginiň 1-nji bendinde görkezilen sürüjiler düzümini okatmak, taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýa-da Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň degişli edaralary tarapyndan amala aşyrylyp bilner.

14-nji madda. Oba hojalygy çygrynda ygtyýarly edaranyň ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ygtyýarlyklary

Oba hojalygy çygrynda ygtyýarly edaranyň ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ygtyýarlyklaryna şular degişlidir:

1) özi ýöreýän tirkegleri bolan ulag serişdeleriniň (traktorlar, oba hojalyk maşynlary) sürüjilerini taýýarlamak,  hünär synagyndan geçirmek we olaryň hünär derejesini kämilleşdirmek çygrynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp düzmek we şol ulag serişdelerini dolandyrmaga hukuk berýän sürüjilik şahadatnamalaryny bermek;

2) özi ýöreýän ulag serişdeleriniň (traktorlar, oba hojalyk maşynlary) sürüjilerini taýýarlamagy we olaryň hünär derejesini kämilleşdirmegi düzgünleşdirmek, utgaşdyrmak we olara gözegçiligi amala aşyrmak;

3)  Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda özi ýöreýän ulag serişdelerini (traktorlar, oba hojalyk maşynlary) we olaryň tirkeglerini bellige almak we olaryň hasabyny ýöretmek;

4) özi ýöreýän ulag serişdelerine (traktorlar, oba hojalyk maşynlary) tehniki gözegçiligi guramak we amala aşyrmak;

5) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrmak.

15-nji madda. Tebigaty goramak çygrynda ygtyýarly edaranyň ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ygtyýarlyklary

Tebigaty goramak çygrynda ygtyýarly edaranyň ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ygtyýarlyklaryna şular degişlidir:

1) halkara talaplara we milli standartlara laýyklykda ýol hereketine gatnaşyjylaryň daşky gurşawy gorap saklamagy boýunça maksatnamalaryny beýleki ygtyýarly döwlet edaralary bilen bilelikde işläp düzmek;

2) atmosfera howasynyň hapalanmagynyň hereket edýän çeşmeleriniň döwlet instrumental ekologiýa gözegçiliginiň düzgünlerini beýleki ygtyýarly döwlet edaralary bilen bilelikde işläp düzmek, gözegçiligiň pudaklaýyn stasionar beketlerinde atmosfera howasynyň hiliniň ýagdaýyna geçirilen monitoringiň maglumatlaryny hemişe ýygnamak esasynda ýol hereketine gatnaşýan ulag serişdeleriniň işläp çykarýan gazlary bilen daşky gurşawyň hapalanmagynyň we olar tarapyndan döredilýän zenzeläniň derejesiniň synag barlagyny geçirmegi we baha bermegi amala aşyrmak;

3) ýol hereketine gatnaşýan awtoulag serişdeleriniň işläp çykarýan gazlarynda zyýanly maddalaryň düzümine we olaryň milli standartlara laýyk gelýändigine barlagy metrologik barlagdan geçen ölçeýji gurallaryň kömegi bilen beýleki ygtyýarly döwlet edaralary bilen bilelikde amala aşyrmak;

4) ulag serişdeleri bilen daşky gurşawyň hapalanmagy baradaky maglumatlaryň monitoringini milli derejede guramak, olary toplamak, seljermek we atmosfera howasynyň hapalanmagy baradaky maglumatlary ygtyýarly döwlet edaralaryna bermek;

5) hapalanmagyň awtomobil çeşmeleriniň zyýanly zyňyndylary baradaky kanunçylygyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek;

6) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrmak.

16-njy madda. Jemgyýetçilik birleşikleriniň ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çärelere gatnaşmagy

1. Jemgyýetçilik birleşikleri ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksatlary bilen Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda çäreleri amala aşyrmak we düzgünleri, standartlary, tehniki we beýleki kadalary kämilleşdirmek boýunça degişli edaralara teklipleri bermäge, Ýol hereketiniň kadalarynyň bozulmagynyň öňüni almaga gönükdirilen çäreleri geçirmäge haklydyrlar.

2. Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri geçirmeklige jemgyýetçilik birleşiklerini olaryň razylygy bilen çekmäge haklydyr.

17-nji madda. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly işi ygtyýarlylandyrmak

1. Fiziki we ýuridik şahslaryň ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly işi hökmany ygtyýarlylandyrylmaga degişlidir.

2. Işiň görnüşleri we ygtyýarlylandyrmagyň tertibi işiň aýra-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.

IV bap. ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGYNY

ÜPJÜN ETMEK BOÝUNÇA ESASY TALAPLAR

18-nji madda. Ýollar taslananda, gurlanda we durky täzelenende ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça esasy talaplar

1. Türkmenistanyň çäginde ýollaryň taslanylmagy, gurulmagy we durkunyň täzelenilmegi ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylmalydyr. Gurlan we durky täzelenen ýollaryň ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge degişli gurluşyk kadalarynyň, düzgünleriniň we standartlarynyň talaplaryna laýyk gelýändigi ýoluň döwlet kabul ediş namasy bilen tassyk edilýär.

2. Ýollaryň ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça bellenilen talaplara laýyk gelmegi üçin jogapkärçilik olar taslanylýan döwründe taslamany ýerine ýetirijiniň, gurulýan we durky täzelenýän döwürlerinde bolsa işleri ýerine ýetirijiniň üstüne ýüklenilýär.

3. Ýollar taslananda, gurlanda we durky täzelenende ýol hereketiniň howpsuzlygyna ýaramaz täsir edýän inženerçilik çözgütleriniň hasabyna düýpli çykdajylaryň peseldilmegine ýol berilmeýär.

19-njy madda. Ýollar abatlananda we saklanylanda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça esasy talaplar

1. Türkmenistanyň çäginde ýollaryň abatlanylmagy we saklanylmagy ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylýar. Ýollaryň ýagdaýynyň ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge degişli düzgünlere, standartlara we tehniki kadalara laýyk gelýändigi ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralarynyň gatnaşmagynda geçirilýän ýollaryň gözegçilik gözden geçiriş ýa-da barlag namasy bilen tassyk edilýär.

2. Garamagyndaky ýollar abatlanylandan soň we ulanylýan döwründe olaryň bellenilen düzgünlere, standartlara we tehniki kadalara laýyk gelýändigini üpjün etmek boýunça borçlar ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralaryna ýüklenilýär.

20-nji madda. Ýollarda hereketi çäklendirmek ýa-da bes etmek

1.  Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen ýollarda ulag serişdeleriniň hereketini wagtlaýyn çäklendirmek ýa-da bes etmek içeri işler edaralary bilen ylalaşyp, bu awtomobil ýollary garamagynda bolan ýerine ýetiriji häkimiýetiň döwlet edaralarynyň, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň oňa ygtyýarly wezipeli adamlary tarapyndan öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde amala aşyrylyp bilner.

2. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen ýollarda ulag serişdeleriniň hereketini wagtlaýyn çäklendirmegiň ýa-da bes etmegiň esaslarynyň sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

21-nji madda. Ulag serişdeleriniň döwlet tehniki barlagy

1. Türkmenistanyň çäginde ulanyşda bolan we bellenilen tertipde şu Kanunda görkezilen ygtyýarly edaralar tarapyndan bellige alnan ulag serişdeleri hökmany döwlet tehniki barlagyndan geçirilmäge degişlidir.

2. Ulag serişdeleriniň hökmany döwlet tehniki barlagyny geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.

22-nji madda. Ulag serişdeleri ulanylanda, tehniki taýdan hyzmat edilende we abatlanylanda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek babatynda bildirilýän esasy talaplar

1. Ýol hereketine gatnaşýan ulag serişdeleriniň tehniki ýagdaýy we enjamlaşdyrylmagy, gurat ýagdaýda saklamak maksatlary bilen olaryň tehniki hyzmaty we abatlanylmagy ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmelidir.

2. Ýol hereketine gatnaşýan ulag serişdeleriniň tehniki taýdan gurat ýagdaýda saklanylmagy boýunça borçlar ulag serişdeleriniň eýeleriniň ýa-da ulag serişdelerini ulanýan adamlaryň üstüne ýüklenilýär.

3. Ulag serişdelerine tehniki taýdan hyzmat etmegiň we olary abatlamagyň kadalary, düzgünleri we tertibi olaryň ulanylyş şertlerini hasaba almak bilen öndüriji-zawodlar tarapyndan bellenilýär.

4. Tehniki taýdan hyzmat edilen we abatlanan ulag serişdeleri ýol hereketine gatnaşýan ulag serişdeleriniň tehniki ýagdaýyny we enjamlaryny düzgünleşdirýän talaplaryň ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge degişli bölegine laýyk gelmelidir, bu ulag serişdesine tehniki taýdan hyzmat etmegi we abatlamagy ýerine ýetiriji tarapyndan berlen degişli resminama bilen tassyklanylýar.

23-nji madda. Ulag serişdelerini ulanmagy gadagan etmegiň esaslary we tertibi

1. Ýol hereketiniň howpsuzlygyna wehim salýan tehniki näsazlyklary bolan ulag serişdeleriniň ulanylmagy gadagan edilýär.

2. Ulag serişdeleriniň ulanylmagy gadagan edilýän tehniki näsazlyklarynyň we şertleriň sanawy Ýol hereketiniň kadalary bilen kesgitlenilýär.

3. Ulag serişdeleriniň ulanylmagyny gadagan etmek Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen tertipde içeri işler edaralarynyň oňa ygtyýarly wezipeli adamlary tarapyndan amala aşyrylýar.

24-nji madda. Ulag serişdelerini ulanmak bilen baglanyşykly işi ýerine ýetirýän fiziki we ýuridik şahslara bildirilýän esasy talaplar

1. Türkmenistanyň çäginde ulag serişdelerini ulanmak bilen baglanyşykly bolan işi amala aşyrýan fiziki we ýuridik şahslar şulara borçludyrlar:

1) ulag serişdeleriniň sürüjileriniň işini ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün edýän talaplara laýyklykda guramaga;

2) sürüjileriň Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen zähmet we dynç alyş düzgünlerini berjaý etmäge;

3) sürüjileriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak üçin zerur şertleri döretmäge;

4) ýol hereketiniň howpsuzlygyna wehim salýan tehniki näsazlyklary bolan ulag serişdelerini ulanylmaga goýbermezlige;

5) ulag serişdeleriniň abat saklanylmagyny we olaryň tehniki ýagdaýynyň ýol hereketiniň howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelmegini üpjün etmäge;

6) özlerine degişli ulag serişdeleriniň gatnaşmagyndaky ýol-ulag hadysalarynyň we Ýol hereketiniň kadalarynyň bozulmalarynyň sebäplerini seljermäge we aradan aýyrmaga;

7) lukmançylyk işgärlerini çekmek bilen sürüjileriň gatnawyň öň ýanyndaky lykmançylyk gözden geçirişini, ýol-ulag hadysalarynda ejir çekenlere sürüjileriň ilkinji lukmançylyk kömegini bermek endiklerini kämilleşdirmek boýunça çäreleri guramaga we geçirmäge.

2. Awtomobil ýa-da ýer üsti şäher elektrik ulaglarynda ýolagçylary, bagažy we ýükleri daşaýyş işini amala aşyrýan ýuridik şahslar daşaýşyň aýratynlyklaryny hasaba almak bilen ýol hereketiniň howpsuzlygy baradaky Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksatlary bilen ýörite düzgünleri belläp we ulag serişdeleriniň sürüjilerine goşmaça talaplary bildirip bilerler.

3. Ulag serişdelerini ulanmak bilen baglanyşykly işi Türkmenistanyň çäginde amala aşyrýan fiziki we ýuridik şahslara ulag serişdeleriniň sürüjilerini haýsydyr bir görnüşde ýol hereketiniň howpsuzlygynyň talaplaryny bozmaga olary mejbur etmek ýa-da höweslendirmek gadagan edilýär.

25-nji madda. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny lukmançylyk taýdan üpjün etmek

1. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny lukmançylyk taýdan üpjün etmek ulag serişdelerini sürüjilige dalaşgärleri we sürüjileri hökmany lukmançylyk taýdan gözden geçirmekden we gaýtadan gözden geçirmekden, ulag serişdeleriniň sürüjilerini gatnawyň öň ýanyndaky, gatnawdan soňky we gündelik lykmançylyk gözden geçirişden, ýol-ulag hadysalarynda ejir çekenlere lukmançylyk kömegini bermekden, ýol hereketine gatnaşyjylary, Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň we beýleki ýöriteleşdirilen düzümleriň işgärlerini, şeýle hem ilaty ýol-ulag hadysalarynda ejir çeken adamlara ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň usullaryny okatmakdan ybaratdyr.

2. Hökmany lukmançylyk taýdan gözden geçirmegiň we gaýtadan gözden geçirmegiň maksady ulag serişdeleriniň sürüjilerinde we sürüjilige dalaşgärlerde sürüjilik işine lukmançylyk taýdan garşy gelmeleri ýa-da çäklendirmeleri kesgitlemek bolup durýar.

3. Ýol-ulag hadysalarynda ejir çekenlere lukmançylyk kömegini bermek şulardan ybaratdyr:

1) ýol-ulag hadysasynyň bolan ýerinde ilkinji lukmançylyk kömegini bermekden;

2) ýol-ulag hadysasynyň bolan ýerinde, bejeriş edarasyna barylýan ýolda we bejeriş edarasynda hünärli lukmançylyk kömegini bermekden.

4. Hökmany lukmançylyk taýdan gözden geçirmeleriň yzygiderliligi, olary geçirmegiň tertibi, sürüjä ulag serişdesini dolandyrmak gadagan edilýän lukmançylyk taýdan garşy gelmeleriň sanawy, şeýle hem ýol-ulag hadysalarynda ejir çekenlere lukmançylyk kömegini guramagyň tertibi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilýär.

26-njy madda. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny guramak

1. Türkmenistanyň çäginde ýol hereketiniň howpsuzlygyny guramak boýunça işler ulanylmagy standartlar bilen düzgünleşdirilýän we ýol hereketini guramagyň taslamalarynda we çyzgylarynda göz öňünde tutulýan düzgünleşdirmegiň tehniki serişdelerini we olaryň gurluşlaryny toplumlaýyn peýdalanmak esasynda amala aşyrylýar.

2. Türkmenistanyň çäginde ýol hereketiniň ýeke-täk tertibi Ýol hereketiniň kadalary bilen kesgitlenilýär.

3. Türkmenistanyň ýollarynda ulag serişdeleriniň sag taraplaýyn hereketi bellenilýär.

27-nji madda. Ýol hereketine gatnaşyjylaryň hukuklary we borçlary

1. Ýol hereketine gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň ýollary boýunça hereketiň howpsuz şertlerine bolan hukuklary döwlet tarapyndan kepillendirilýär we ýol hereketiniň howpsuzlygy çygrynda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny we halkara şertnamalaryny ýerine ýetirmek ýoly bilen üpjün edilýär.

2. Ýol hereketine gatnaşyjylar tarapyndan öz hukuklarynyň durmuşa geçirilmegi ýol hereketiniň beýleki gatnaşyjylarynyň hukuklaryny çäklendirmeli ýa-da bozmaly däldir.

3. Ýol hereketine gatnaşyjylaryň şu hukuklary bardyr:

1) bellenilen düzgünlere laýyklykda we esasynda ýollar boýunça erkin we päsgelçiliksiz hereket etmäge, ygtyýarly edaralardan we wezipeli adamlardan ýol hereketiniň howpsuz şertleri barada takyk maglumatlary almaga;

2) wezipeli adamlardan ýollarda hereketiň çäklendirilmeginiň we gadagan edilmeginiň sebäpleri barada doly we takyk maglumatlary almaga;

3) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen şeýle kömegi bermek borjy üstüne ýüklenilen guramalardan we wezipeli adamlardan ýol-ulag hadysasynda mugt lukmançylyk kömegini, halas ediş işlerini we beýleki gyssagly kömegi almaga;

4) ýol-ulag hadysasynyň netijesinde ten şikesiniň, şeýle hem ulag serişdesine ýa-da ýüke şikesiň ýetirilen halatynda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde zyýanyň öweziniň dolunmagyna;

5) ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda ygtyýarlyklary amala aşyrýan wezipeli adamlaryň bikanun hereketlerine Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde şikaýat etmäge.

4. Ýol hereketine gatnaşyjylar şu Kanunyň we oňa laýyklykda kabul edilýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek bölegindäki talaplaryny ýerine ýetirmäge borçludyrlar.

5. Ýol hereketinde pyýadalar artykmaçlykdan peýdalanýarlar, emma bu ýol hereketine gatnaşylanda olary öz borçlaryny ýerine ýetirmekden boşatmaýar.

28-nji madda. Awtomobil ýollarynda özüňi howpsuz alyp barmagyň düzgünleri boýunça okatmak

1. Raýatlary awtomobil ýollarynda özüňi howpsuz alyp barmagyň düzgünleri boýunça okatmak dürli guramaçylyk-hukuk görnüşli mekdebe çenli, umumybilim we hünär okuwynyň bilim edaralarynda geçirilýär.

2. Raýatlary awtomobil ýollarynda özüňi howpsuz alyp barmagyň düzgünleri boýunça okatmak Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde işlenip düzülen maksatnamalara we usulyýet maslahatlaryna laýyklykda geçirilýär.

3. Raýatlary awtomobil ýollarynda özüňi howpsuz alyp barmagyň düzgünleri boýunça hökmany okatmak baradaky düzgünler degişli döwlet bilim standartlaryna girizilýär.

4. Içeri işler edaralary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri raýatlary awtomobil ýollarynda özüňi howpsuz alyp barmagyň düzgünlerine okatmak boýunça çäreler geçirilende ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralaryna kömek bermäge borçludyrlar.

29-njy madda. Ulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak boýunça esasy talaplar

1. Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukuk almak üçin synaglardan geçmäge on sekiz ýaşyna ýeten, sürüjilik işine çäklendirmeleri bolmadyk we ulag serişdeleriniň sürüjileriniň degişli toparlaryny taýýarlamagyň okuw meýilnamalarynda we maksatnamalarynda göz öňünde tutulan möçberde degişli taýýarlygy geçen adamlar goýberilýär.

2. Ulag serişdeleriniň «А» toparyny dolandyrmaga hukuk almak üçin degişli okuw meýilnamalaryň we maksatnamalaryň möçberinde sürüjileriň özbaşdak taýýarlanmagyna ýol berilýär.

3. Ulag serişdeleriniň degişli toparlarynyň sürüjilerini taýýarlamagyň bir nusgaly maksatnamasy degişli bilim standartlary esasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilen tertipde işlenilip düzülýär.

30-njy madda. Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukuk almak

1. Şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan şertlerde hünär synaglaryny tabşyran adamlara ulag serişdelerini dolandyrmaga hukuk berilýär.

2. Ulag serişdelerini dolandyrmak hukugy şulara berlip bilner:

1) motosiklleri, motorollerleri, mopedleri we beýleki motoulag serişdelerini («А» topar) — on sekiz ýaşyna ýeten adamlara;

2) rugsat edilen iň ýokary agramy 3500 kg-dan geçmeýän we sürüjiniň oturýan ornundan başga oturylýan orunlarynyň sany sekizden artyk bolmadyk awtomobilleri («B» topar) — on sekiz ýaşyna ýeten adamlara, şeýle hem «D» topara degişli bolmadyk, ýöne rugsat edilen iň ýokary agramy 3500 kg-dan geçýän awtomobilleri («C» topar) — on dokuz ýaşyna ýeten adamlara;

çagyryş boýunça harby gullugy geçýän raýatlara «C» topara degişli ulag serişdelerini dolandyrmak hukugy on sekiz ýaşdan berilýär;

3) ýolagçylary gatnatmak üçin niýetlenilen we sürüjiniň oturýan ornundan başga sekizden köp oturylýan orunlary bolan awtomobilleri («D» topar) — «B» ýa-da «C» toparlara degişli ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy bolan, sürüjilik iş döwri bir ýyldan az bolmadyk ýigrimi ýaşyna ýeten adamlara;

4) tirkegleriniň aňrybaş rugsat edilen agramy 750 kg-dan geçýän tirkegli ýa-da ýarym tirkegli awtomobilleri we awtobuslary dolandyrmaga («E» topar) — «B», «C» ýa-da «D» toparlaryň degişli ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy bolan we degişli topary dolandyrmak sürüjilik iş döwri bir ýyldan az bolmadyk adamlara;

5) trolleýbuslary we tramwaýlary — ýigrimi ýaşyna ýeten adamlara.

3. Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukuk degişli sürüjilik şahadatnamasy bilen tassyk edilýär. Türkmenistanyň çaginde Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň talaplaryna laýyk gelýän milli we halkara sürüjilik şahadatnamalary hereket edýärler.

4.  Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukuk almak üçin hünär synaglaryny tabşyrmagyň we sürüjilik şahadatnamalaryny bermegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

31-nji madda. Ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň hereketini bes etmegiň esaslary

1. Ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň hereketini bes etmegiň esaslary şular bolup durýar:

1) sürüjilik şahadatnamasynyň hereketiniň bellenilen möhletiniň tamamlanmagy;

2) lukmançylyk netijenamasy bilen tassyklanan ulag serişdelerini howpsuz dolandyrmaga päsgel berýän derejede sürüjiniň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy;

3) ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň wagtlaýyn çäklendirilmegi.

2. Jogapkärçilik çäresi hökmünde ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň wagtlaýyn çäklendirilmegine eltýän hukuk bozulmalarynyň görnüşleri Türkmenistanyň kanunlarynda bellenilýär.

V bap. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

32-nji madda. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda döwlet gözegçiligi

1. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda döwlet gözegçiligi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda guralýar we amala aşyrylýar.

2. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda döwlet gözegçiligi Türkmenistanyň kanunçylygynyň we bellenilen düzgünleriň, standartlaryň, tehniki kadalaryň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryň ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge degişli böleginde berjaý edilmegini üpjün etmek maksatlary bilen amala aşyrylýar.

33-nji madda. Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy üçin jogapkärçilik

Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagynda günäkär adamlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

34-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

Çeşme: minjust.gov.tm

Başgada okaň: Türkmenistanyň «Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda» Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi

Ответить