TÜRKSOÝ halkara guramasy Magtymguly Pyragynyň döredijiligine we ömrüne bagyşlanan birnäçe neşirleri çap etdi

2024-nji ýylda beýik türkmen şahyry, filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellenilip geçilýär.

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýini bellemek boýunça çäreler toplumynda Gündogaryň beýik akyldarynyň döredijilik mirasyna bagyşlanan neşir işlerine – goşgular ýygyndylarynyň, ylmy-barlag işleriniň, ylmy makalalaryň, monografiýalaryň, ýörite neşirleriň, gazet-žurnallaryň çap edilmegine möhüm orun degişlidir.

Şunlukda, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) şahyryň döredijiligine we ömrüne bagyşlanan birnäçe neşirleri çap etmäge taýýarlady. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web sahypasynda habar berildi.

2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan eden TÜRKSOY guramasy Watana bolan söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk, dostluk we agzybirlik ýaly mizemez adamzat gymmatlyklaryny wasp eden çeper sözüň ussadynyň baý mirasyny öwrenmäge we wagyz etmäge uly üns berýär.

Ответить