Unaş – derdiňe derman tagam

Unaş tagamynyň biziň milli saçagymyzda aýratyn orny bardyr. Sebäbi bu tagam özüniň bedende ýeňil özleşýändigi, taýýarlamasynyň ýönekeýdigi, galyberse-de, ony uly-kiçiniň halap iýýändigi üçin biziň hemmämiziň öýümizde häli-şindi taýýarlanylýar. Halkymyzda unaşyň jazly unaş, jazsyz unaş, noýbaly unaş ýaly dürli görnüşleri taýýarlanylýar.

Häzirki döwürde unaş önümleriniň dürli görnüşleri ýurdumyzyň senagat kärhanalarynda hem öndürilýär. Türkmençilikde biri “sowuklapdyryn” ýa-da “üşedim” diýse, oňa derrew: “Burçluja unaş içde, biraz basyrynyp ýat. Derrew keselden açylarsyň” diýilýär. Dermanlyk häsiýetli, gadym wagtlardan belli bolan unaş tagamyny türkmen zenanlarymyzyň bişirip bilmeýäni ýokdur.

Ene-mamalarymyzyň türkmen tagamlaryny taýýarlamakda ussatlyk derejesine ýetiren unaşy diňe tagam derejesinde däl-de, eýsem, dümewiň, sowuklamanyň, argynlygyň özboluşly emidir. Bu tagam taýýarlanylanda ilki bilen onuň hamyry diňe suw bilen duzdan tutulyp, kähalatlarda ýekeje ýumurtga çakyp taýýarlanylýar. Hamyra duzuň ýeterlik goşulmagynyň sebäbi unaş gyzgyn çorba atylanda eräp gitmezligine oňyn täsirini ýetirýändigindedir. Unaşyň iýmitlik we ýokumlylyk gymmaty tagam taýýarlanylanda onuň düzümine goşulan önümleriň düzümine baglydyr. Unaşa goşulýan gyzyl burçuň düzümindäki С witamini sitrus miwelerindäkiden-de köpdür. Burçuň düzüminde efir ýaglary, B1, B2, С, P witaminleri, kükürt, fosfor, kalsiý, demir, kremniý, hlor, kaliý, karotin, şeker, azotly maddalar, likopin bardyr. Unaş bedeni ýyladýar we açlygy gandyrýar.

Gyş paslynda bedeniň dürli kesellere, aýratyn hem, sowuklama garşy durnuklylygyny artdyrmak maksady bilen, gadymdan bäri özüniň berhiz häsiýetleri bilen ilatymyzyň arasynda giňden peýdalanylýan unaşy ýygy-ýygydan iýmek has peýdalydyr.

Ответить