«UzAuto Motors» kompaniýasy iň soňky «Chevrolet Lacetti» awtoulagyny öndürildi

«UzAuto Motors» kompaniýasy iň soňky «Chevrolet Lacetti» awtoulagyny öndürilendigini we şu güne çenli jemi 487,104 «Chevrolet Lacetti» awtoulagynyň öndürilendigini habar berdi. Bu barada «UzAuto Motors» kompaniýasynyň täzeliklerine salgylanyp «aniq.uz» web saýty  habar berdi.

         «UzAuto Motors» kompaniýasy 2008-nji ýylda esaslandyryldy. «Chevrolet Lacetti» awtoulagynyň önümçiligi 2013-nji ýylda başlandy we ilkibaşda ýylda 11 müňden gowrak awtoulag öndürildi. 2023-nji ýylda bu görkeziji 90 000 töweregi boldy.

         «UzAuto Motors» kompaniýasy 2024-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap bu awtoulagyň önümçiligini togtatmagy meýilleşdirýärdi. Şeýle-de bolsa, komponentleri we ätiýaçlyk şaýlarynyň barlygy sebäpli önümçilik prosesi ýene birnäçe aý dowam etdi.

Ответить