Uzum kompaniýasy we BMGÖM Özbegistanda sanly başarnyklary ösdürmekde hyzmatdaşlyga başlady

Uzum kompaniýasy Özbegistanda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (UNDP) bilen hyzmatdaşlyk memorandumyna gol çeken ilkinji emeli aň kompaniýasy boldy. Bu barada şu gün «aniq.uz» web saýty habar berdi.

          Hyzmatdaşlygyň çäginde Uzum kompaniýasy we BMGÖM hünärmenleri tutuş Özbegistan boýunça durmuş goragyna mätäç ilatyň wekillerine maliýe sowatlylygynyň we telekeçiligiň esaslaryny öwrederler.

         Özbegistanda sanly maliýe hyzmatlary we onlaýn söwda işjeň ösýär. Bank we maliýe hyzmatlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy we sanly sowatlylygyň ýokarlanmagy, esasanam ýurduň çet sebitlerinde, kiçi şäherçelerde has aýdyň görünýär. Sanly platformalaryň ösmegi we internet ulanylyjylaryň sanynyň günsaýyn köpelmegi telekeçiligi ösdürmek we täze iş ýerleri döretmek üçin amatly mümkinçilikleri döretdi.

        «Uzum Market» onlaýn dükanynda Özbegistanyň ähli sebitinden on müňden gowrak kärhana we telekeçi önümlerini satýar we şolaryň 30 göteriminden gowragy bolsa zenan telekeçilerdir. Uzum kompaniýasy we BMGÖM işsiz zenanlaryň we ýaşlaryň arasynda sanly we maliýe sowatlylygy endiklerini ösdürmek meselesini çözmek babatda umumy gyzyklanma bildirýärler. Bu ugurda ilkinji amaly ädim bilelikdäki bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmekdir. Uzum kompaniýasy Özbegistanda sanly we logistika infrastrukturasynyň ulanylyşynyň ýokarlanmagyna, iş üpjünçiliginiň ösmegine we telekeçiligiň ösmegine goşant goşar.

— Biz sanly sowatlylygyň we telekeçiligi dolandyrmagyň esaslaryny öwretmek, bu endikleri durmuşa geçirmek üçin amatly, düşnükli hyzmatlary etmäge taýýardyrys – diýdi Uzum kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Roman Lawrentiýew. —  Maliýe hyzmatlaryny, bazar giňişligini, hususy ulanyjylar we telekeçiler üçin amatly bank gurallaryny ösdürmek bilen, ilki bilen, ýurdumyzyň ähli ýaşaýjylary –   erkekler we zenanlar, paýtagtyň we ýurduň çet sebitleriniň ýaşaýjylary üçin deň mümkinçilikleri dörederis. Hut şu maksat bizi we BMGÖM-deki kärdeşlerimizi bilelikdäki taslama birleşdirýär.

— Biziň umumy maksadymyz, işsizleriň arasynda sanly we maliýe başarnyklarynyň ýoklugyny, ýagny bu ugurdaky sowatsyzlygy ýok etmek we degişli düşünjeleri döretmek arkaly bilimlerini ösdürmäge gönükdirilen gurluş döretmekdir – diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Özbegistandaky hemişelik wekili hökmünde işleýän Anas Karman aýtdy. — Bu başlangyç aýal-gyzlara we ýaşlara häzirki zaman dünýäsinde zerur bilimleri we endikleri berýär. Bu olaryň zähmet bazaryndaky mümkinçiliklerini artdyrar. Uzum kompaniýasyny geljegi uly potensialy bolan uzak möhletli hyzmatdaş hökmünde görýäris. Bu ekoulgamyň ýurduň ykdysadyýetini ösdürmäge goşandy eýýäm duýulýar. Mysal üçin, maýadarlar tarapyndan Uzum kompaniýasynyň saýlanmagy durnukly hyzmatdaşlyga ynam döredýär, indi bu ekoulgam Özbegistanda ilkinji we ýeke-täk hasaplanýar.

         Taraplar elektron söwda üçin esasy maliýe sowatlylygyna gönükdirilen giňişleýin okuw materiallaryny işläp düzmek, şeýle hem Özbegistan Respublikasyndaky tejribeli hünärmenler tarapyndan başarnyklary netijeli ýaýratmak we maksatly diňleýjiler tarapyndan bu bilimleri ele almak maksady bilen  seminarlar we okuwlar geçirmek barada ylalaşdylar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Özbegistanyň garyplygy ýok etmek, deňsizligi azaltmak, sanly deňsizligi aradan aýyrmak we işjeňligi gowulandyrmak ugrundaky tagallalaryna goldaw bermegini dowam etdirýär.

Ответить