www.sanlyosus.com.tm – ýokary derejeli telekeçilik çözgüdi

Sanly ulgamyň gazananlaryny halk hojalygyna ornaşdyrmakda hususy pudagyň wekilleri önjeýli işleri amala aşyrýarlar. Olaryň biri hem telekeçi Muhammet Ataýewdir. «Sanly ösüş» ady bilen IT hyzmatlary hödürleýän telekeçiniň hünärmenler toparynyň işi, halka hödürleýän hyzmatlary bilen www.sanlyosus.com.tm web saýtynda giňişleýin tanyşmak mümkin. Bu barada «Rysgal» gazetiniň duşenbe günki – 2024-nji ýylyň 2-nji sentýabryndaky №36 (730) belgili sanynynyň 6-njy sahypasynda çap edilen «Ýokary derejeli çözgütler» atly makalada habar berildi.

Toparyň hünärmenleri müşderilere ýokary hilli web dizaýn, içki dizaýn, işewürlik üçin IT autsorsing, IT hyzmatlary, maglumat howpsuzlygy boýunça ýöriteleşen hyzmatlary hödürleýärler. Bu ýerde ýokary taýýarlykly, iş tejribesi ýeterlik bolan IT hünärmenler, programma düzüjiler zähmet çekýär. Hünärmenleriň esasy maksady müşderileriň sargytlaryny öz wagtynda tabşyryp, olaryň isleglerini kanagatlandyrmakdan ybarat bolup durýar. Müşderiler toparyň hünärmenleri bilen web saýt arkaly onlaýn görnüşde hem habarlaşyp bilerler.

Ответить