«Xiaomi» kompaniýasy «Mijia» atly täze çemodan önümini hödürledi.

«Xiaomi» kompaniýasy iki ululykdaky — degişlilikde 20 we 24 dýuýmlyk ölçeglerdäki täze «Mijia» çemodanyny hödürledi. Bu barada «Rysgal» gazetiniň 2024-nji ýylyň 15-nji iýulyndaky sanynyň 5-nji sahypasynda neşir edilen «Köpugurly çemodan» atly makalada habar berilýär.

         Goşmaça bölüminiň kömegi bilen çemodanyň göwrümini 30% giňeltmek mümkindir. Elbetde, bu çemodanyň 6,5 sm galňamagyna getirýär.

         Elektron enjamlarynyň önümçiligi bilen meşgullanýan «Xiaomi» kompaniýasy täze «Mijia» çemodanyny noutbuk üçin iş stoly hökmünde ulanmagy hem teklip edýär. Onuň dizaýny tutawaçlaryň gabaranyň çägine doly derejede ornaşdyrylmagy bilen, kiçijik stoluň görnüşini döredýär.

         Çemodanyň «TSA» wezipesi bilen utgaşdyrylan gulpy (zerur bolsa goş-golamyňyzy päsgelçiliksiz barlamagy üpjün etmek üçin gümrük barlag wezipesini ýeňilleşdirýän gulp) bar we «Covestro» tarapyndan hödürlenen köp gatly gurluşy özünde jemleýän ýörite material ony çyzylmakdan, döwülmekden we beýleki zeper ýetmelerden ygtybarly goraýar.

Ответить