Xiaomi kompanýasy 17 minutda zarýad alýan smartfony hödürledi

Xiaomi kompaniýasy flagman hatarynda üç sany täze smartfon modeliniň – Xiaomi 11T, Xiaomi 11T Pro we Xiaomi 11 Lite 5G NE – öndüriljekdigini mälim etdi. Bu barada new-retail.ru habar berýär.

Xiaomi 11T Pro dünýä bazaryna çykan kuwwaty 120 Wt bolan Xiaomi HyperCharge tehnologiýaly ilkinji smartfondyr. Xiaomi-niň barlaghana maglumatlaryna görä, bu tehnologiýa gurluşyň bary-ýogy 17 minutda doly zarýad almagyna mümkinçilik berýär. Bu iki akymly zarýad, iki segmentli akkumulýator, MTW, grafen goşundysy bilen litiý-ion akkumulýatory we Mi-FC tehnologiýasy ýaly birnäçe tehnologiýa bilen baglanyşyklydyr. Şeýle-de, smartfon Qualcomm Snapdragon 888 flagman prosessoryna we FHD+ durulygy bilen 6,67 dýumlyk 120 Gs AMOLED ekranyna eýe boldy.

11T we 11T Pro modelleri üç kamera (professional derejeli 108 MP giň burçly sensor, 2x telemakro kamera we 120 gradus görüş meýdany bilen ultra giň burçly obýektiw) bilen üpjün edildi. Öndürijiniň bellemegine görä, bu kinematografiki suratlary we wideolary döretmäge mümkinçilik berýär. Smartfonlaryň ikisi-de meteorit çal, ak we asman gök reňklerde hödürlenýär.

Xiaomi 11T wideonyň HDR10+ bolmagyny üpjün edýän 6,67 dýuýmlyk 120 Gs AMOLED displeýine, MediaTek Dimensity 1200-Ultra prosessoryna eýe boldy. Smartfonyň akkumulýator sygymy 5 müň mA/sag bolup, 36 minutda çalt zarýad bermek mümkindir.

Xiaomi 11 Lite 5G NE ýogynlygy 6,81 mm we agramy 158 gram bolan has ýeňil we inçe korpusa eýe boldy. Smartfon 6,55 dýuýmlyk AMOLED displeýi, 10 bitlik TrueColor funksiýasy we Dolby Vision tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylandyr. Täze önümiň 64 megapiksel esasy kamerasy, 8 megapiksel giň burçly kamerasy we 5 megapiksel telemakro kamerasy bar. Bu smartfon Qualcomm Snapdragon 778G prosessoryna eýe boldy. Batareýiň sygymy çalt zarýad bermek funksiýasy bilen 4250 mA/s barabar. Elýeterli reňkler – gara, marmelad-gök, şetdaly-gülgüne we ak.

Ответить