Ýakyn geljekde türkmen gazy Yrak Respublikasyna we Türkiýä iberiler

Düýn – 2024-nji ýylyň 28-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň  Eýran Yslam Respublikasyna bolan iş saparynyň çäklerinde giňişleýin düzümde geçirilen ikitaraplaýyn gepleşiklerde ýakyn geljekde “swap” usuly arkaly türkmen tebigy gazyny Yrak Respublikasyna we soňra Türkiýä ibermegiň göz öňünde tutulýandygy aýdyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň resmi web sahypasynda habar berildi.

Ответить