Ýaponiýa bilen Türkmenistan Döwletimiz bilen wideo aragatnaşygy geçirildi.

Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon toparynyň ýapon tarapyndan Başlygy, “Itochu Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Hiroýuki Subaý bilen penşenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşik geçirdi. Onuň barşynda Ýaponiýada öndürilen ýer gazýan hem-de awtomobil tehnikasynyň Türkmenistana getirilmegine gyzyklanma bildirýän ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar berşine görä, onlaýn maslahata ýurdumyzyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hem-de “Sumitomo Corporation” ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, gepleşigiň dowamynda köp ýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň hem-de Tokio şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 14-nji mejlisini geçirmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, iki ýurduň bilelikdäki maýa goýum taslamalaryna we beýleki meselelerine garaldy.

Çeşme: business.com.tm

Ответить