Ýaponiýada 3D gologramma bilen ilkinji banknotlar görkezildi

Ýaponiýada 3D gologrammalardan peýdalanylan, dünýädäki ilkinji banknotlar hödürlendi. Bu barada «hi-tech.mail» neşiri habar berdi.

         Bu usul ýurtda soňky 20 ýylyň içinde ilkinji banknot dizaýnynyň täzelenişiniň bir bölegi hökmünde peýda boldy we jemi üç sany täze model dolanyşyga girizildi.

         Üýtgeşik tehnologiýa 1000 ýen, 5000 ýen we 10000 ýen banknotlarda ulanyldy.  Täze banknotlar Ýaponiýa bankynyň baş ofisinde hödürlendi.

         3D gologrammalaryň kömegi bilen banknotlarda şekillendirilen adamlaryň portretleri üç ölçegli we hereketli görünýär. Bu görnüşler töleg serişdesiniň belli bir ýerinde ýerleşdirilipdir. Täze usuldaky pullar galplyklardan goranmaga kömek eder diýlip çaklanylýar.

         Indi banknotlaryň nominal gymmaty pul birliginiň  has görnükli ýerlerinde has uly arap sanlarynda görkezilýär, bu ieroglifler bilen tanyş bolmadyk adamlara banknotyň adyny kesgitlemegi aňsatlaşdyrýar.

         Ýaponiýanyň bankynyň başlygy Kazuo Uýe bu barada aýratyn durup geçmek bilen: «Nagt pul her kimiň islendik ýerde, islendik wagtda ulanyp biljek ygtybarly töleg serişdesi bolup galar, şonuň ýaly-da ol pul birligi hökmünde möhüm rol oýnamagyny dowam etdirer. Banknotlaryň täze seriýasy giňden goldanylar we Ýaponiýanyň ykdysadyýetini ösdürmäge kömek eder diýip umyt edýärin» – diýip belledi. Onuň sözlerine görä, Ýaponiýanyň banky 1,6 trillion ýenlik ýagny 10 milliard dollarlyk täze banknotlar çykarar.  Muňa garamazdan, öňki banknotlar hem, birbada dolanyşykda töleg serişdesi bolup hereket eder.

         Maliýe guramalary hemmelere köne banknotlary täzelerine çalyşmaga mümkinçilik berýär. Ýaponiýa banky, ýurduň maliýe ulgamynyň täze banknotlary ulanmaga taýýardygyny aýtdy.

Ответить