Ýeldos Smetow – Gazagystanyň taryhynda dzýudo sporty boýunça ýeňiş gazanan ilkinji türgen

Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde geçirilýän   XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Gazagystanyň türgeni Ýeldos Smetow dzýudoda erkekleriň arasynda 60 kilogram agramda çykyş edip, altyn medalyň eýesi boldy. Bu altyn medal Gazagystan Respublikasynyň taryhyndaky dzýudo sporty boýunça gazanylan ilkinji altyn medal boldy. Bu barada «sports.kz» habarlar agentligi habar berdi.

         «Champ de Mars» sport toplumynda geçirilen tutluşyklarda gazak türgeni finalda fransiýaly garşydaşy Luka Mkheidzeni ýeňmegi başardy we öz ýurduna ilkinji altyn medaly gazandyrdy. Ispan türgeni Fanrsisko Garrigos bilen ýapon türgeni Rýuju Nagaýama bolsa bürünç medal gazandy.

                «sports.kz» habarlar agentliginiň habaryna görä, Parižde geçirilýän Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji günündäki baýrak gowşurylyş dabarasyndan soň gazagystanly dzýudoçy türgen Ýeldos Smetow şatlykly pursatynyň özboluşly bir täsin täsirine  duýgulanyp, begenç gözýaşlaryny saklap bilmedi.

Ответить