Ýewraziýa ykdysady forumynyň nobatdaky geçiriljek senesi mälim edildi

Ýewraziýa ykdysady forumy 2024-nji ýylyň 30-njy sentýabryndan 1-nji oktýabry aralygynda Ýerewanda geçiriler. Bu barada «BelTA»  habarlar agentligi Ýewraziýa Ykdysady Komissiýasynyň metbugat gullugynyň täzeliklerine salgylanyp habar berdi.

Maglumatlara görä, bu forumyň Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň mejlisine gabat gelendigi aýdylýar. Hut şu nukdaýnazardan-da, forumda  Ýewraziýa Ykdysady bileleşiginiň on ýyllyk işiniň netijeleri hem-de bileleşigi ösdürmegiň geljegi we ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.

«Forumyň maksady Ýewraziýadaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitdirmekdir. Bu foruma Ýewraziýa bileleşigine agza ýurtlaryň iri, orta we kiçi telekeçilik işi bilen meşgullanýan işewürleri, döwlet edaralary, şeýle hem Ýewropa bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmeklige gyzyklanma bildirýän üçünji ýurtlaryň we  halkara guramalaryň gatnaşmagyna garaşylýar» — diýlip «BelTA»  habarlar agentliginiň täzeliklerinde beýan edilýär.

 Nobatdaky Ýewraziýa ykdysady forumy Ýewropa bileleşigine agza ýurtlaryň hökümet baştutanlarynyň gatnaşmagynda umumy mejlis bilen 30-dan gowrak çäräni öz içine alýar.

Ответить