Ýewro – 2024: Finala gatnaşyjylaryň näçe pul gazanandyklary belli boldy

Ispaniýanyň milli ýygyndysy Ýewropa çempionatyna gatnaşandygy üçin 28,25 million ýewro pul baýragyny aldy. Bu barada «UEFA» web saýtynda habar berildi.

         Ispaniýa sport ýaryşyndaky ähli oýunlarda ýeňiş gazanyp, iň köp mukdarda pul gazandy. Angliýa bolsa 24,25 million ýewro aldy. Angliýa finala çykdy, ýöne iki gezek deňme-deň oýnady we bir gezek ýeňildi.

         Ýeri gelende aýtsak, Ispaniýanyň milli ýygyndysy 2:1 hasabynda Angliýanyň milli ýygyndysyny ýeňip, Ýewropanyň çempiony boldy.

Ответить