Ýewropa Bileleşigi Täjigistana 141 million dollar hemaýat etdi

Ýewropa Bileleşigi Täjigistana 141 million dollar hemaýat etdi. Bu barada «centralasia.news» web neşiri habar berýär.

         Ýewropa Bileleşigi bilen Täjigistanyň hyzmatdaş komitetiniň nobatdaky mejlisinde  Täjigistana bölünip berilen grant hem-de ýeňillikli karzlar görnüşindäki 141 million dollaryň bilim, energiýa, senagat we beýleki ugurlary serhet howpsuzlygyny ösdürmäge gönükdiriljekdigi habar berildi.

         Täjigistan bu mukdaryň 101 million dollaryny grant görnüşinde alýar. Bu barada Täjigistanyň Ykdysady Ösüş we Söwda ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

         Täjigistanyň Ykdysadyýet ministri Zawki Zawkizoda Lýuk Dewiniň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri bilen täjik ykdysadyýetiniň iň möhüm ugurlaryny ösdürmek we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada gepleşikler geçirdi.

         Duşuşykda söwda we ykdysadyýet, senagat, saglygy goraýyş, bilim, energiýa, oba ösüşi we ýaşyl ykdysadyýet hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boldy. Şeýle hem, bilelikdäki tehnologiýa seýilgählerini açmak, sanlylaşdyrmak we Rogun GES-iň gurluşygyny maliýeleşdirmek meselesi gün tertibinde esasy orun eýeledi.

Ответить