Ýewropanyň Merkezi banky «UniCredit» bank toparyndan Russiýadaky biznesini togtatmagyny talap etdi

Italiýanyň «UniCredit» bank topary 2025-nji ýylyň ahyryna çenli Russiýadaky müşderilere karz bermek mukdaryny iýun aýynyň ahyrynda 2,3 milliard ýewrodan 1 milliard ýewro çenli azaltmak isleýär. «Reuters» habarlar agentliginiň habaryna görä, «UniCredit»  özüniň Russiýa biznesindäki serhetara ulag töleglerini 11,2 milliard ýewrodan 8,5 milliard ýewro çenli azaltmagy meýilleşdirýär.

         «Reuters» habarlar agentliginiň habaryna görä, şol bir wagtyň özünde-de «UniCredit» bank topary entek Russiýa bazaryndan doly çykmak islemeýär. Onuň ýerine ýetiriji direktory Andrea Orsel Russiýanyň hökümetine bankyň içerki emläklerine gatyşmak we gözegçilik etmek üçin bahana berjek haýsydyr bir ädim ätmek islemeýändigini aýtdy.

         Toparyň hasabaty, ikinji çärýekde «UniCredit» rus biznesiniň arassa girdejisi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 1,5 esse azaldy we 116 million ýewro boldy. Geçen çärýek bilen deňeşdirilende, «UniCredit» Russiýa şahamçalarynyň girdejisi 1,8 esse azaldy.

         Germaniýanyň «Handelsblatt» neşiriniň habaryna görä, ýylyň başynda Ýewropanyň Merkezi banky Russiýadaky biznesiniň ýatyrylmagyny tizleşdirmek üçin «UniCredit» bank toparyndan talap etdi.

         «UniCredit» Awstriýanyň «Raiffeisen Bank International» (RBI) toparyndan soň Russiýada işini dowam etdirýän ikinji günbatar bankydyr.

Ответить