«Ynamly ojak» hususy kärhanasynda metal gapaklaryň dürli nusgalary öndürilýär.

«Ynamly ojak» hususy kärhanasynda metal gapaklaryň dürli nusgalary öndürilýär. Bu barada «Rysgal» gazetiniň 2024-nji ýylyň 15-nji iýulyndaky sanynyň 5-nji sahypasynda neşir edilen ««Ynamly ojak» — kuwwatly kärhana» atly makalada habar berilýär.

         2014-nji ýylda esaslandyrylan «Ynamly ojak» hususy kärhanasy önümçiligini Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän senagat zolagynda alyp barýar. Kärhana çüýşeler hem-de gaplama üçin niýetlenen metal gapaklaryň önümçiligi bilen meşgullanýar.

         Elbetde, duzlanan gök önümleri hem-de Watanymyzda ýetişdirilýän miwelerden taýýarlanan kompotlary çüýşelere ýapmak hojalyklaryň her ýyllyk adatydyr. Bu işde çüýşeleriň gapaklarynyň hiliniň möhüm orny eýeleýändigini bellemek gerek.

         Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ynamly ojak» hususy kärhanasynyň alýumin gapaklary jemgyýetimizde giňden ulanylýan önümlere öwrüldi. Munuň özi kärhananyň Watanymyzda importyň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini giňeltmek boýunça alnyp barylýan gerimli işlere mynasyp goşandyny goşýandygyndan nyşandyr. Birnäçe ýyllyk tejribesi kärhananyň şeýle gapaklary öndürmekdäki tejribesiniň yzygiderli artmagyny şertlendirýär. Bu bolsa önümçilik işiniň kämilleşdirilmeginiň möhüm şertidir.

         «Ynamly ojak» hususy kärhanasynda gapaklaryň dürli nusgalary öndürilýär. Munuň özi buýurmalar hem sargytlar esasynda alnyp barylýan önümçiligiň uly mümkinçiliklere eýedigini görkezýän hakykatdyr. Kärhanada ornaşdyrylan kämil tehnologiýalar — Germaniýanyň hem-de Türkiýäniň ýokary hilli enjamlary bolsa işleriň sazlaşykly guralmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

         Bu ýerde öndürilýän gapaklar üçin çig mal hökmünde iň kämil önümler saýlanyp alynýar. Onuň metal bölegini taýýarlamakda-da, rezin bölegi üçin hem iň ýokary hilli önümler getirilýär. Şunlukda, kärhana her ýyl kyrk million gapagy öndürmek kuwwatyna eýelik edýär.

         «Ynamly ojak» hususy kärhanasynda işçi-hünärmenleriň 60-dan gowragy zähmet çekýär. Olaryň ählisiniň hem öz işiniň ussadydygyny bellemek gerek. Bu bolsa kärhanada alnyp barýan önümçiligiň ýokary derejesini üpjün etmegiň möhüm şertini emele getirýär. Şeýlelikde, «Ynamly ojak» hususy kärhanasy jemgyýetde giňden ulanylýan gapaklaryň kämil nusgalarynyň toplumyny hödürlemek mümkinçiligine eýe bolýar.

Ответить