Ýol hereketiniň howpsuzlygy –  ömrümiziň rahatlygy

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy türkmen milli metbugatynda ýol hereketini berjaý etmegiň düzgünlerini beýan etdi. Beýanda bellenilişi ýaly, awtoulaglaryň sanynyň barha köpelmegi ýollarda dürli kysymly ulaglaryň hereketiniň ýyl-ýyldan ýygjamlaşmagyna getirýär. Şol sebäpli hereketi sazlaşykly guramak, onuň howpsuzlygyny gazanmak meselesiniň ähmiýeti artýar. Ýol-ulag hadysalarynyň, ilkinji nobatda, bellenen tizlik kadasynyň talaplarynyň bozulmagy bilen baglanyşykly ýüze çykýandygy hemmelere mälimdir. Ulag serişdesiniň ýokary tizligi, tehniki taýdan näsazlygy we şuňa meňzeş beýleki ýagdaýlar sürüjilerdir pyýadalar, şeýle hem ýol hereketiniň sazlaşygy üçin howp döredýär.

Ulagyň tizliginiň dogry saýlanmagy ýol hereketiniň howpsuzlygy üçin esasy şertleriň biridir. Ýol hereketiniň kadalarynyň 10.1. bendinde görkezilişi ýaly, sürüji ulagy gatnawyň köplügini, ulagyň we ýüküň aýratynlygyny hem ýagdaýyny, ýol we howa şertlerini, hususan-da, garagörnümiň ýagdaýyny nazara almak bilen, kadalaryň talaplaryny berjaý etmäge mümkinçilik berýän, şeýle-de bellenen çäklendirmelerden geçmeýän tizlik bilen sürmelidir. Hereket üçin howp döräp, sürüjiniň ony görmäge ýagdaýy bolanda, ol tizligini peseltmek, hatda ulagyny duruzmak üçin mümkin bolan çäreleri görmelidir. Sürüjileriň seresaplylygy elden bermeli däldigi barada wagyz-nesihat işlerini yzygiderli geçirip durmaly. Bu çäräniň «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde geçirilmegi ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi.

Ýol hereketiniň kadalaryny dogry berjaý etmek her bir ýol hereketine gatnaşyjynyň möhüm borjy bolup durýar. Ýol hereketiniň howpsuzlygy öýlerimiziň we ýollarymyzyň abatlygydyr.

Ответить