Yslam ösüş banky Merkezi Aziýa maýa goýumlaryny giňeldýär

Saud Arabystanyň Yslam ösüş banky Merkezi Aziýa ýurtlaryna maýa goýumlaryny giňeldýär. Bu barada «aniq.uz» web saýty habar berdi.

         Energetika pudagy esasy gyzyklanma bildirilýän ugur bolup galýar. Yslam ösüş banky 2024-nji ýylda Täjigistana 250 million dollar bölüp berdi, bu pul serişdesinden 150 million dollary Rogun gidroelektrostansiýasyny maliýeleşdirmek üçin niýetlenendir. Bank Gyrgyz Respublikasynda gidroelektrik taslamasyny maliýeleşdirmäge gatnaşyjylaryň birine öwrüldi. Netijede, sebitden Owganystana we Pakistana elektrik üpjünçiligini göz öňünde tutýan Merkezi Aziýa – Günorta Aziýa taslamasyny goldaýar.

         Yslam ösüş banky Gazagystanda suw baýlyklaryny dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin köp mukdarda, takmynan iki milliard dollar möçberinde pul serişdesini bölüp berdi. Bu bank Gyrgyz Respublikasynda jemgyýetçilik ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny, Özbegistanda infrastrukturany döwrebaplaşdyrmagy, Türkmenistanda onkologiýa hassahanalarynyň gurluşygyny maliýeleşdirýär.

Ответить