«Ýüpek ýoly» halkara awtoralli ýaryşy Mongoliýanyň Ulan-Bator şäherinde tamamlandy

14-nji gezek geçirilen «Ýüpek ýoly» halkara awtoralli ýaryşy Mongoliýanyň Ulan-Bator şäherinde tamamlandy. Bu barada habarçy Agageldi Italmazowyň «Türkmenistan» gazetiniň 2024-nji ýylyň 17-nji iýulyndaky sanynyň 4-nji sahypasynda neşir edilen ««Ýüpek ýoly — 2024»: iki toparymyz hormat münberinde» atly makalasynda habar berilýär.

          13 döwletden 100-e golaý toparyň gatnaşmagynda 11 günläp dowam eden ýaryşda oňa gatnaşyjylar 5 müň 243 kilometrlik menzili külterlediler. Onuň Altaý daglarynyň we Gobi çölüniň çarkandakly ýollaryndan hem geçendigini aýratyn nygtamak gerek.

         Her bir güni gyzykly pursatlardyr garaşylmadyk netijelere baý bolan ýaryşyň T2 görnüşinde (ýeňil awtoulaglaryň ýolsuz ýerlerde geçirilýän ýaryşy) ýurdumyzyň toparlarynyň ikisi baýrakly orunlara mynasyp boldular. Doganlar Merdan we Şöhrat Toýlyýewleriň görkezen umumy netijesi kümüş medal üçin ýeterlik bolan bolsa, Maksatmyrat Daňatarow bilen Didar Orazmedowdan ybarat topar bürünç medalyň eýesi boldy. Ildeşlerimizden Meýlis Abdullaýew bilen Italmaz Çaryýewden ybarat toparyň hem ilkinji bäşlige girendigini aýtmak gerek. Ýaryşyň bu görnüşinde russiýaly Andreý Suşenowdan we Aleksandr Şanowdan ybarat topar hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy.

         Türkmenistanly toparlar ýaryşyň tapgyrlarynyň birnäçesinde we onuň çäklerinde geçirilen Russiýanyň çempionatynda öňdäki orunlary eýeledi. Bu bolsa türkmenistanly ralliçileriň barha tejribe toplap, halkara giňişlikde güýçli garşydaşlara öwrülýändigini görkezýär.

         «Ýüpek ýoly» rallisine 2009-njy ýylda badalga berlipdi. Eýýäm 14-njisi tamamlanan halkara ýaryşyň ilkinji pellehanasy Aşgabat şäheri bolupdy. Şu gezekki ýaryş bolsa Russiýanyň we Mongoliýanyň çäklerinden geçdi. Has takygy, Tomsk şäherinde başlan ralli Ulan-Batorda tamamlandy. Şu ýyl bu taslama özüniň 15 ýyllygyny baýram edýär.

Ответить