«Zaman Türkmenistan» gazeti dünýä meşhur iň gymmat haryt nyşanlarynyň ýedisiniň sanawyny düzdi

«Zaman Türkmenistan» gazeti dünýä meşhur iň gymmat haryt nyşanlarynyň ýedisiniň sanawyny düzdi. Sanawa görä, dünýäniň iň gymmat haryt nyşanlary «App­le», «Ama­zon», «Micro­soft», «Go­og­le», «Samsung», «Coca-Cola» we «Mer­se­des-Benz» brendleridir.

1. «App­le Inc.»-iň se­na­ga­ty: elekt­ro­ni­ka, mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­sy. Önüm­le­ri: plan­şet­ler, el te­le­fon­la­ry, aý­dym-saz ple­ýer­le­ri we ş.m.

«App­le» dün­ýä­dä­ki iň gym­mat brend hasaplanýar. Hä­zir­ki wagt­da kom­pa­ni­ýa­nyň ny­şa­ny köp­ler ta­ra­pyn­dan yk­rar edi­len­dir. Ba­ha be­riş gu­ra­ma­la­ry­nyň hü­när­men­le­ri bu brendi 323 mil­liard dol­lar ba­ha­lan­dyr­ýar­lar. Bu kom­pa­ni­ýa 1976-njy ýy­lyň 1-nji ap­re­lin­de Stiw Wozn­ýak, Ro­nald Ueyn we Stiw Jobs ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ryl­dy. Üç­lük il­ki öý komp­ýu­ter­le­ri­ni ýyg­nap, komp­ýu­ter­le­re mah­sus mo­del­le­ri ön­dü­rip baş­la­dy. Ýö­ne iň uly üs­tün­lik soň­ky ýyl­lar­da «App­le» öz yk­jam önüm­le­ri­ni – «iP­ho­ne» smart­fon­la­ry­ny we «iPad» plan­şet­le­ri­ni dün­ýä ta­na­dan­da ýü­ze çyk­dy. «App­le Inc.» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň önüm­le­ri­niň ge­ri­mi bar­ha gi­ňe­ýär: akyl­ly sa­gat­lar, komp­ýu­ter­ler, no­ut­buk­lar, plan­şet­ler, smart­fon­lar we ş.m. Hä­zir­ki wagt­da bu kom­pa­ni­ýa­nyň dün­ýä­de 132 müň tö­we­re­gi iş­gä­ri, müň­ler­çe eda­ra­sy, söw­da dü­kan­la­ry we hyz­mat mer­kez­le­ri bar. «App­le»-iň mer­ke­zi ABŞ-nyň Ka­li­for­ni­ýa şta­ty­nyň Ku­per­ti­no şä­he­rin­de ýer­leş­ýär.

2. «Amazon»-yň senagaty: bölek satuw söwdasy.

«Ama­zon» dün­ýä­de iň meş­hur 4-nji brend bo­lup, ba­zar ba­ha­sy bo­ýun­ça iň gym­mat kom­pa­ni­ýa­la­ryň ha­ta­ryn­da dur­ýar. «Ama­zon» in­ter­net­de dür­li ha­ryt­la­ry sat­ýan we elt­ýän ame­ri­kan bö­lek sa­tuw kom­pa­ni­ýa­sy­dyr. In­ter­net ula­ny­jy­la­ry, üp­jün edi­ji­ler we ön­dü­ri­ji­ler «Ama­zon» web sa­hy­pa­sy­ny on­laýn meý­dan­ça hök­mün­de ula­nyp, is­len­dik önü­mi öz­baş­dak sa­typ bi­ler­ler. Kom­pa­ni­ýa­nyň esa­sy ug­ry dür­li ha­ryt­la­ry sat­mak­dyr. Bu kom­pa­ni­ýa 1994-nji ýyl­da Jeff Be­zos ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ryl­dy. «Ama­zon»-yň mer­ke­zi Wa­şing­to­nyň Sietl şä­he­rin­de ýer­leş­ýär. Umu­my çak­la­ma­la­ra gö­rä, kom­pa­ni­ýa­nyň, tak­my­nan, 647 müň 500 iş­gä­ri we hä­zir­ki wagt­da 162 mil­liard dol­lar­dan gow­rak em­lä­gi bar. Ýyl­lyk do­la­ny­şy­gy, tak­my­nan, 232 mil­liard dol­la­ra ba­ra­bar­dyr.

3. «Micro­soft»-yň se­na­ga­ty: prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi. Önüm­le­ri: «Micro­soft Of­fice», «Micro­soft Win­dows», «Xbox».

Bütin dün­ýä­de meş­hur bo­lan bu kom­pa­ni­ýa 1975-nji ýyl­da dün­ýä­niň iň baý adam­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Bill Geýts ta­ra­pyn­dan dö­re­dil­di. Şol dö­wür­de «Micro­soft» ha­sap­la­ýyş işi ula­ny­jy üçin amat­ly bo­lan, öý komp­ýu­ter­le­ri üçin prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi­ni ulan­ma­gy tek­lip eden il­kin­ji prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi­ni dö­re­di­ji bol­dy. Bu prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi – Win­dows ope­ra­si­ýa ul­ga­my ada­ty ula­ny­jy­la­ra komp­ýu­ter ha­sap­la­ýyş en­dik­le­ri­ni aň­sat­lyk bi­len ös­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ul­gam kom­pa­ni­ýa üs­tün­lik we uly gir­de­ji ge­tir­di. Hä­zir­ki wagt­da «Micro­soft» komp­ýu­ter prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi ba­za­ryn­da öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ryň bi­ri­dir. Mun­dan baş­ga-da, «Micro­soft» öz yk­jam en­jam­la­ry­ny, es­bap­la­ry­ny, wi­deo, ses we ofis en­jam­la­ry­ny ön­dür­ýär. Kor­po­ra­tiw ştab-kwar­ti­ra­sy ABŞ-nyň Wa­şing­ton şta­ty­nyň Red­mond şä­he­rin­de ýer­leş­ýär.

4. «Go­og­le»-yň se­na­ga­ty: in­ter­net ulgamy.

Inter­net­dä­ki iň uly göz­leg ul­ga­my «Go­og­le» glo­bal ul­ga­myň äh­li ula­ny­jy­la­ry­na mä­lim­dir. Şo­nuň üçin «Go­og­le» dün­ýä sa­na­wyn­da öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Hü­när­men­ler onuň ba­ha­sy­ny 167,7 mil­liard dol­lar di­ýip çak­la­ýar­lar. Bu kom­pa­ni­ýa dün­ýä­de ikin­ji orun­da dur­ýar. 1993-nji ýyl­da Ser­geý Brin we Lar­ri Peýj ta­ra­pyn­dan dö­re­di­len bu kom­pa­ni­ýa gün­de mil­liard­lar­ça so­ra­gy iş­le­ýän göz­leg hyz­ma­ty­na ün­si jem­le­ýär. Ösen göz­leg ul­ga­my­nyň kö­me­gi bi­len hyz­ma­ty dö­re­di­ji­ler kom­pa­ni­ýa üçin gir­de­ji­niň iň uly pa­ýy­ny dö­re­den in­ter­net­de iň güýç­li ma­ha­bat top­lu­my­ny dur­mu­şa ge­çir­me­gi ba­şar­dy­lar. Şeý­le-de bol­sa bu kom­pa­ni­ýa­nyň ýe­ke-täk önü­mi däl, wag­tyň geç­me­gi bi­len köp san­ly tä­ze tas­la­ma iş­le­nip dü­zül­di. «Go­og­le» hä­zir­ki wagt­da olar bi­len iş­le­mek üçin ni­ýet­le­nen yk­jam en­jam­la­ry we prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi­ni ön­dür­ýär: «You­Tu­be», «Gmail», «Go­og­le Maps», «Go­og­le Ad­Words» we ş.m. köp san­ly meş­hur in­ter­net hyz­mat­la­ry­na eýe­lik ed­ýär. Baş eda­ra bi­na­sy ABŞ-nyň Ka­li­for­ni­ýa şä­he­rin­de ýer­leş­ýär.

5. «Sam­sung»-yň se­na­ga­ty: elekt­ro­ni­ka. Önüm­le­ri: elekt­ro­ni­ka, en­jam­lar, gä­mi gur­lu­şy­gy, awia­si­ýa in­že­ner­çi­li­gi, ma­li­ýe, hi­mi­ýa we ş.m.

«Samsung» elekt­ro­ni­ka ön­dü­ri­ji­si hök­mün­de bü­tin dün­ýä­de yk­rar edil­di. Bu kom­pa­ni­ýa 1938-nji ýyl­da Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­da esas­lan­dy­ryl­dy. 1980-nji ýyl­da «Sam­sung» ser­gin­le­di­ji­le­ri­niň il­kin­ji mo­del­le­ri­ni Ýew­ro­pa we Azi­ýa ba­zar­la­ryn­da sa­tu­wa çy­kar­dy. Bu bol­sa ho­wa en­jam­la­ry pu­da­gyn­da üs­tün­lik­li ösü­şi­niň baş­lan­gy­jy bol­dy. 1983-nji ýyl­da «Sam­sung» kom­pa­ni­ýa­sy şah­sy kompýu­ter­le­ri, 1991-1992-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da il­kin­ji el te­le­fo­ny­ny ön­dü­rip baş­la­dy. 1999-njy ýyl­da «Sam­sung Electro­nics» sarp edi­ji elekt­ro­ni­ka önüm­çi­lik ka­te­go­ri­ýa­syn­da «For­bes Glo­bal» žur­na­ly­nyň baý­ra­gy­ny al­dy. Kom­pa­ni­ýa Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Kýon­gi­do şä­he­ri­niň mer­ke­zi Su­won­da ýer­leş­ýär.

6. «Coca-Cola»-nyň se­na­ga­ty: azyk se­na­ga­ty. Önüm­le­ri: al­ko­gol­syz iç­gi­ler.

Dünýäde iň meş­hur gaz­lan­dy­ry­lan al­ko­gol­syz iç­gi­le­ri ön­dür­ýän «Coca-Cola» kom­pa­ni­ýa­sy ýyl­da 6 mil­liard dol­lar­dan gow­rak gir­de­ji ga­zan­ýar. Bu kom­pa­ni­ýa 1882-nji ýyl­da esas­lan­dy­ryl­dy. Hä­zir­ki wagt­da kom­pa­ni­ýa­nyň önüm­ler top­lu­myn­da «Fan­ta», «Spri­te», «Di­et Coke» we «Schwep­pes» ýa­ly iç­gi­ler hem bar. Köp san­ly em­läk­li, ýo­ka­ry gir­de­ji­li we köp iş­gär­li «Coca-Cola» bren­di­niň gym­ma­ty 59,2 mil­liard dol­lar diý­lip çak­la­nyl­ýar. Baş eda­ra bi­na­sy ABŞ-nyň Jor­ji­ýa şta­ty­nyň At­lan­ta şä­he­rin­de ýer­leş­ýär.

7. «Mer­ce­des-Benz»-iň se­na­ga­ty: aw­tou­lag önüm­çi­li­gi. Önüm­le­ri: aw­tou­lag­lar.

Dünýäniň iň meş­hur aw­tou­lag brendleriniň bi­ri bo­lan Ger­ma­ni­ýa­nyň «Mer­se­des-Benz» kom­pa­ni­ýa­sy 1926-njy ýyl­da esas­lan­dy­ryl­dy. 2018-nji ýyl­dan baş­lap aw­tou­lag ön­dür­ýän kom­pa­ni­ýa­la­ryň sa­na­wyn­da «Mer­se­des-Benz» ikin­ji or­ny eýe­le­ýär. «Mer­se­des-Benz» dün­ýä bel­li pre­mi­um aw­tou­lag­la­ry, aw­to­bus­la­ry we ýük aw­tou­lag­la­ry­ny ön­dür­ýär. Kom­pa­ni­ýa­nyň, tak­my­nan, 168 müň iş­gä­ri bar. Baş eda­ra bi­na­sy Ger­ma­ni­ýa­nyň Ştut­gart şä­he­rin­de ýer­leş­ýär.

Ответить