Nowruz Baýramynyň 21-nji martdaky senesi, 23-nji marta geçirildi.

Türkmenistanyň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde şu ýyl Milli bahar baýramynyň – Halkara Nowruz gününiň ýekşenbe gününe gabat gelýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Kanuna laýyklykda, 21-nji martdaky dynç gününi 23-nji martdaky sişenbe gününe geçirmek baradaky Permana gol çekdi.

Türkmenistanda Milli bahar baýramynda – Halkara Nowruz gününde raýatlar 3 günläp dynç alarlar. Ýekşenbe günündäki dynç güni sişenbe gününe geçirildi.

Resminama laýyklykda, şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmek göz öňünde tutuldy.

Dowamly dynç alyş bilen baglylykda, ýolbaşçylara ähli häkimliklerde, kärhanalarda we guramalarda gije-gündiziň dowamynda nobatçylygyň guralmagyna gözegçilik etmek tabşyryldy. Hukuk goraýjy edaralara hem degişli görkezmeler berildi. 

Dürli ýurtlarda bolşy ýaly Nawruz Baýramynyň bellenşini okap görüň.

Ответить