AŞYRMÄT GARLY / TERJIMEHAL

Aşyrmät Garlynyň (pasport boýunça Garlyýew), ýagny meniň ömür ýolum 1964-nji ýylyň 28-nji maýyndan Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde şeýh Nejmeddin Kubranyň aramgähiniň takmynan 1 km Gündogarynda ýerleşýän uly bolmadyk jaýda ýaşaýan Garly Nurmädowyň maşgalasyndan başlanýar. Meniň bilen bagly ähli zadyň başlangyjy şol wagtdan we şol mekandan başlanýar. Diýmek, döredijilik dünýäsine imrinmelerimiň hem hut şol ojakdan, has takygy, özümden uly agam Narmädiň «Göroglynyň döreýşi» temasy boýunça öýe işini gürrüň bermeginden başlanandygyny arkaýyn aýdyp biljek. Ony gaýtaladyp-gaýtaladyp lenjini çykaranymy bilýän. O wagtlar men heniz mekdebiň bosagasyndan hem ätlämokdym. Ýöne barybir ony we beýleki gyzykly kitaplary özbaşdak okamak islegi maňa onuň üçin harplary öwrenmegimiň zerurdygyny düşündirdi.

Şeýlelik bilen men heniz mekdebe gatnap ugramankam, eýýäm, sakynman okamagy başarýan çaga öwrüldim. Heniz ýazmak diýlen düşünjeden bihabar, diňe okamaga berlen çaga göwnümiň atygsaýan islegi, megerem synpdaşlarymyň «a», «b» diýip gaýtalap oturan wagtlarynda, eýýäm, sakynman okap bilýänligim meniň ýazuwymyň (poçerkimiň) gaty owadan bolmazygyna sebäp bolandyr. Ýöne ir okap öwrenmegim kitaplar dünýäsine ir aralaşmagyma welin sebäp boldy.

1972-nji ýylda Köneürgenjiň (ýalňyşmasam) 3-nji (şol wagtky  112-nji) mekdebiniň bosagasyndan ätledim. 4-nji we 5-nji synpy Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky (şol wagtky Oktýabr) etrabynyň 6-njy (şol wagtky 46-njy) mekdebinde okadym. 1982-nji ýylda Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky (şol wagtky Oktýabr) etrabyň 55-nji mekdebini tamamladym. Ähli sapaklar boýunça göreldeli okuwçylaryň arasynda adymyň tutulýandygy bilen dädemi şatlandyrmagy, buýsandyrmagy başarýanymdan lezzet alýardym.

Eýýäm mekdep okuwçysy wagtlarym (metbugatda çap edilerden çeperçilik taýdan gowşak görlenem bolsa) ilkinji goşgularym öz hyrydarlaryny tapmagy başarypdy. Çagalygymdan çeper sözlere imrinmegim meni edebiýatdan uzaklaşdyrmady. Bu ugurdan ýokary bilim alanymdan soň edebiýata has çynlakaý çemeleşme peýda boldy. Şonuň üçin hem tas 7-8 ýyl öz döredijiligimiň kämilleşmegi üçin döredijilik arakesmesi döredi. Emma kalbymdaky edebiýat bilen ysnyşyklylyk welin barha güýjedi.

Meni heniz mekdebiň bosagasyndan ätlemänkäm sakynman okamak başarnygyna höweslendiren waka «Görogly» eposynyň «Göroglynyň döreýşi» şahasy. Çaga wagtym aýdymy hem örän gowy aýdýan ekenim. Aýratyn hem Oguljan Makyýewanyň şol wagtlar ürç ediliň aýdýan — «Görogly» eposyndan «Öwezim» aýdymyny. Dädemiň jan ýaly dosty Kaka şahyryň: «Garly şu ogluňy gözden geçiräýme!», ýagny göz degiräýme diýen sözünden soň ozal hem 10 çaganyň bäşisini elden gideren maşgalada aýdym aýtmak mümkinçiligimiň badyny aldy. Megerem şonuň üçin bolsa gerek. Men soň-soňlar hem «Görogly», «Oguznama», dädem Gorkut» eposlaryndan asla aýrylyp bilmedim. Jelaleddin Menguberdiniň, onuň ýegeni Seýfeddin Guduzyň (Kutuzyň) we beýleki watanperwer merdanalary hiç unudyp bilmedim ýa olar meni unutmaga goýmadylar. Şonuň üçin hem olaryň ruhy, Gadymy şan-şöhratly Gürgenjiň ruhy tutuş döredijiligime siňip gidipdir.

Watan öňündäki gulluk borjumy berjaý edip gelenimden soň ýene iki ýyllyk daýhan birleşikde (kolhozda) zähmet ýoluny geçip, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen dili we edebiýaty fakyltetine okuwa girdim.

Meniň elime diplom alan ýylym, ýagny 1991-nji ýyl maňa-da ildeşlerimize-de düşümli ýyl boldy. Çünki 1991-nji ýylyň tylla güýzi ata Watanymyza Garaşsyz döwletli bolmak bagtyny eçildi.

Döredijilik meýdanynda köpugurly. Ýagny, goşgularym bilen poeziýa daňlan bolsam, hekaýalarym bilen proza örklenen. Şeýle-de bolsa iň önümli zähmetimiň makalalardygyny aýdybiljek. «Görogly» eposynyň edebi seljermesi (analitikasy) bilen bagly dürli ýyllarda ýazan makalalar toplumymy şu wagt «Görogludan bildiňizmi» ady bilen özbaşdak kitap hökmünde çapa taýýarlap otyryn. Ondan öň hem okyjylar köpçüligi meniň neşir edilen dört sany kitabymyň bardygyny bilýändirler.

Häzirki günlerde döredijilik işi bilen birlikde öňki döreden eserlerimi (goşgular, hekaýalar, makalalar, pýesalar we romanlarymy) öz elim bilen aýratyn-aýratyn kitap hökmünde taýýarlaýaryn. Metbugatda işleýänligim sebäpli ukyply ýaş nesilleriň goldawy netijesinde kitabyň çapa taýýarlamak we bezeg işlerini hem özüm etmegi gowy görýän. Muny men öz ylhamyňdan dörän eserlere gaýtadan ser salmaga, gözden geçirmäge, saýhallamaga gerek bolsa käbir gowşaklyklaryny kämilleşdirmäge gowy mümkinçilik hasaplaýaryn.

Okyjylara ruhy we çeperçilik taýdan gowşak eserlerimiň galmagynyň tarapdary däl. Munuň maňa näderejede başardandygyna okyjylar soň özleri baha beribererler.

Şu setirleri okaýan adamlaryň her birine aýratynlykda we umumylykda egsilmez derejedäki mähribanlyk duýgusy bilen seredýärin. Halkymyzda «Kim gaýkyny, kim küýküni (gowy görer)» diýen bir paýhasam bar. Esasy ýörelgäm:

Şahyr bolsaň söz nobatyň gelende,

Goşgularňy okap ber-de gaýdyber.

Öz wagtyndan ir bilmäge elenme,

Il adyldyr, anyk nyrhyň aýdylar — diýen setirlerim.

Ýöne herniçik bolanynda-da kimdir birine pitjiň atmak, kakdyrmak ýaly duýgular bilen eser (esasan hem bu goşgulara mahsus bolup biler) döretmegi düýbünden halamok. Sebäbi gursagynda ýaramaz duýgulary götermek şahyr ýürekli adamlara  mahsus däldir. Gurbannazar halypanyň (Ezizowyň) nygtaýşy ýaly şahyr ýüregi islendik ahwalda-da diňe gül hödürlemelidir.

Şahyrçylygy kär, wezipe ýa dereje hasaplasym gelenok. Şahyrçylyk, megerem «Kowlasa sypdyrmaz, gaçsa ýetidrmez» hesere eýlenen ykbal bolsa gerek. Şahyrçylygyň esasy ýaragy söz. Söz bilen asla oýun etmek bolmaýar. Çünki ähli zatlar söz bilen aňladylýar. Ýasama gussalardfan gaça durmak gerek. Üstünden ýyllar geçensoň birden hasyl bolaýmasy hem bardyr. Edil harbylaryň elindäki ýaragy ýaly. Ulanmagy başarmaýan adamyň ýaragy özüne zyýan getirip biler.

Uzak ýyllarda yzygiderli çekilen döredijilikli zähmet ýolumda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň hem-de «Watana bolan söýgüsi» medalynyň eýesi bolmak bagtyny eçildi.

Terjimehalymy goşgularymdan öň okan bolsaňyz hem (eger mümkin bolsa) goşgularym bilen tanyş bolanyňyzdan soň ýene bir gezek okap görüň.

Sözüm bilen zähmetimiň deňligini gazanmak maňa başartdymyka?! Bellikleriňiz bolsa maňa ýetirmegiň ugruny taparsyňyz. Nämüçin diýýäňizmi?!

Sebäbi, terjimehal heniz dowam edýär. Belki düzedip ýetişerin!

Size egsilmez hormat bilen, Aşyrmät GARLY.

Ответить