AŞYRMÄT GARLY / JELALEDDIN (poema) /  Ýagşy günlerdäki ýatlama

Ýagşy günlerdäki ýatlama

Watanym — Garaşsyz,

                                      Döwlet — berkarar.

Howalasy belent ýaşyl Baýdagyň.

Ajaýyp döwrüme aýdyň erte bar,

Owazy ýakymly aýdym aýdanyň.

Şat heňleriň aşygy men

                                      ölemen,

Olar ýüregimde oýarýar yşgy.

Ýöne bu günleriň nyrhy

                                      tölenen —

Ençe asyr gezdi il egni gysby.

Ady älem baglan Oguz pederiň

raýatlary rahatlykda

                            gülende

duşmanlar bilmändi näme ederin,

şöhraty, abraýy galdy

                            belende.

Nusaý,

         Gürgenç,

Mar-u-şahu jahanda,

beýik geçmişi bar

                            beýik türkmeniň.

Bular boş söz bolmaly däl

                                      dahanda,

Kim isleýär çüwen bagtyň ürkmegin!

Wagtam akyp durdy öz akymyna,

döwlet abadandy,

                            il imisala,

Bir gün gulluk edip öz akylyna,

Ýurdy paýhynlady

bir bimysala.

«Ýeňilmesiz ýagy bolup galmasyn,

Maňa ölüm ýegdir ar,

gyjalatdan,

Türkmenleriň Tugy belent galgasyn!»

Diýip, atlanypdy är Jelaleddin.

(dowamy bar)

Ответить