AŞYRMÄT GARLY / JELALEDDIN (poema) /  Çaknyşyk

Çaknyşyk

Baýlyga baglansa

                            gara bagyrlar,

Halkyň täleýinde uzak gyşlar

                                               gar.

Häzir welin,

                   bolunmaly habardar,

Juda ýowuz,

                   diýseň mekir duşman bar.

Gelýär ol söweşe,

                            örän janygyp,

Gurdurasy gelýär

                            beýik dabara.

Döwi rüstem gelse,

                            alar janymy

ýa-da

Hudaýynyň ýanna barar ol.

Derýa oklanmagyn soranda

                                      enem

Onuň mertligine doldy

                            damagym.

Eger,

         söweş bolsa islegiň seniň,

Berk dur, Çingiz!

                            Men mynasyp bararyn.

…Bu ýumjuk göz Çingizmikä?!

                                               Şeýledir.

Gara başym onuň ünsün çekmişdir.

Söweş boldy.

                   Boldy söweş şeýle bir…

Gylyç — gylja,

                   dide — didä çaknyşdy.

Hökman birden-biriň

                            Güni ýaşmaly.

Ol — Tulu han eken,

                            eziz perzendi.

Ogluna

         ejesin derýa taşladan,

ornuna

         bir dogmasyny bermezmi?!

…Tulu hanyň kädisini

                            serdim men,

Perişde görmedik

                            gerdenlerinden.

…Oglumyň ýüregin ite berdiler.

Heder etmediler

                            merdemligimden.

Ähli leşgermi etdiler ýegsan,

Bu meň günäm.

                   Ýöne, ony geç, Allam!

Ýerine salmaly ar köp,

                            wah, ýogsam,

Çigit ýaly gorkdym ýokdur ajaldan.

(dowamy bar)

Ответить