AŞYRMÄT GARLY / JELALEDDIN (poema) / Söweşden soňky ýatlama
Söweşden soňky ýatlama
Kem däldir,
herniçik,
umytda bolan,
Bu heňňamda beterinden saklasyn.
Bu söweş Çingiziň ýadynda galar!
Goý, galsyn — oglunyň birin kakladym.
Şujagaz üstünlik maňa ýeteni
Dynç alaýyn,
daga ýaýrady geçim.
Daglar ýaly berklik gerek ekeni,
Ähli samsyk zada çydamak üçin:
Ýalňyşmaklyk — jenaýat däl,
ýalňyşdym,
Sebäbi,
atamdyr
doganlarym-da.
Olaň göwni diýip,
aňsat barlyşdym,
Horezmi elime alanlygymda…
Atam maňa köp görüpdi Gürgenji,
gaharym gelse-de,
erk edipdim men.
Doganlaryma
bolmaýyn diýp ýigrenji,
Gürgenji ap-aňsat terk edipdim men.
Syçan herekete gelýär
äsgermän,
Hemişe pişigiň öýde ýok wagty.
Ilki
Çingiz gylawlandy ýas görmän,
Gelginine bolup,
çüwüpdir bagty.
…Ajy ýatlamalar, düşýär has çökder,
Iň gowy haklaşyk — unudylmakdyr.
Bolýa,
besdir…
indi maňa özgertmez,
Boýasy taryha siňen ýalňyşlyk.
Şu wagt welin
goşun gerek gözýetmez.
Gezip bolmaz ahyr diýip: «Ýalňyşdym».
(dowamy bar)