AŞYRMÄT GARLY / JELALEDDIN (poema) / Ant
Ant
Yzda namys,
arman,
köýen ar…
hem-de
Gürgenç atly tozdurylan Watan bar.
Öwrülmek şertini galdyran
öňde
Çingiz diýlen
juda ýowuz tatar bar.
Oň ýüregi atyň kellesi ýaly,
agyr-agyr söweşlerde synalan.
Ýöne,
hökman
bolar bellisi häli,
enesini bakdyraryn dula men.