AŞYRMÄT GARLY / JELALEDDIN (poema) /  Şum habar

Şum habar

Köp şöhrat getirdi

                            ýeňişler maňa,

Çingiziň elinde galdy

                            ulusy.

Uly umyt bilen barýardym daňa,

yzyma düşürip ili-ulusy.

Boldy ýeňişlerem,

                            ýeňilişlerem,

ýöne,

         dyza çökmedim men ejizläp.

Doganlarym bilen

                            oňuşmasamam,

mert ýigitler gezdi

                            meni ezizläp.

Döşlerini gerip,

okdan gorady,

Çünki,

         olar maňa ynanýardylar.

Ynamlaryň bolsa,

                            bardy soragy,

Ýöne,

hany,

indi ynam galdymy?

Edermen esgerleň biri ýanyma,

buşlap geldi

                   — Çingiz hanyň ölenin.

«Güm bol!» diýdim.

                            Tas galypdym ganyna.

Ol nireden bilsin asyl dilegim:

Gönezlik edinip niçe pidany,

Kalbyma nur çaýýan umyt solupdyr.

Arzuwym,

                   armanym,

                                      namysym,

                                                         arym,

mynasyp duşmanym

Çingiz ölüpdir!

Peýkamyma nyşan boldy

                                      düýşlerde,

goşa didesiniň gyýma çyzygy.

Bu çalt günler

                   indi

                            asla süýşmez hiç,

hemem

         söweşleriň bolmaz gyzygy.

(dowamy bar)

Ответить