AŞYRMÄT GARLY / JELALEDDIN (poema) / Mynajat
Mynajat
Düşünemok,
Biribarym,
neçüýn meni gynanyňa!
Näme üçin aldyň arym,
alman meniň imanymy?!
Sen ony maňa bermediň,
öldürdiň
öz ajalyna.
Kim düşüner,
bu ömrümiň
manysynyň gaçanyna?!
Serkerdä şöhrat getirýän,
olaryň duşmanlarydyr.
Çingiz şöhrata mynasyp,
ol meni puşmanda goýdy.
Ýürek dar görýär gursagy,
gelip dur ony ýyrtasy.
Özümi niçe örtedim,
aňtap oňaýly pursady.
Düşünmez,
düşünmeseler,
düşündirmek bor hyllalla.
Bimaksat ömür — peseler.
Gowsy,
bu jany al, Alla!
Barybir,
men esremerin
döwüşleriň pursadynda.
Namysy hem
ary köýen
Bu hyjuwsyz gursagymda
sanjy bar.
Gan bar garakda.
Aýyllyp başlady essim.
Soň:
«Jelaleddin gara atly
ýaşapdyr» diýilse, besdir.
(dowamy bar)