AŞYRMÄT GARLY / JELALEDDIN (poema) / Bimaksatlygyň ejiri
Bimaksatlygyň ejiri
Menem az günä etmedim,
ýetmek üçin maksadyma.
Garşy çykany kakladym,
eýgertmez ol ýogsa diýip.
Bir günde aldym şährini,
boýnegmezek Gürjüleriň.
Uzaga çeken gahrymyň
ýazmak üçin burjusyny.
Çingiz diýlen ýuwdarhanyň,
dolamak üçin öňünden,
Ähli paýhynlanym
indi
agyr etmişe öwrüler.
Günäsine gark bolýanam,
deňze seredeňde kändir.
Bulaşdy öýdýän ykbalym.
Belki,
meňkem ýakynlandyr.
(dowamy bar)