AŞYRMÄT GARLY / JELALEDDIN (poema) / Aýdylmaga gurbat ýetmedik jümle
Aýdylmaga gurbat ýetmedik jümle
Çingiz — meniň bolupdy baş maksadym,
öwrülipdim Hakdan içen aşyga.
Tümüň göwsün ýaryp,
aýalym däl-de,
aladaňdan şo girerdi düýşlere.
Çünki, ony ýeke pursat dilimden,
ýüregimden düşürmedim birjigem.
Sawçylara berilmedik peri deý,
yşkynda uzak ýol söldüm daljygyp.
Birdenem,
ol sumat bolda älemden
garaşmandym,
menem birden lagşadym.
Söweşde ýeňişe bil baglanmaýar,
gursagyňda gaýnamasa maksadyň.
Häzir men hiç zada galamok haýran,
hanjara-da — gursagyma sanjylan.
Tylla gaşly eýer,
altyn sap gylyç,
zer geçirlip sünnälenen ganjyga
patlap düşdi goşhaltanyň düýbüne.
Eşidäýse kimi öldürendigni,
ertir hökman onuň ini düýrüger,
bildirmejek bolup kim ekenini.
(dowamy bar)