Janly tebigatyň milli muzeýi – ajaýyp künjekleriň biri

Janly tebigatyň milli muzeýi bolsa diňe bir çagalary däl, eýsem, olaryň ene-atalarynyň hem wagtlaryny hoş geçirmäge çagyrýan ajaýyp künjekleriň biridir. Bu barada «Watan» gazetiniň 2024-nji ýylyň 16-njy iýulyndaky sanynyň 3-nji sahypasynda neşir edilen «Täsin jandarlaryň dünýäsine syýahat» atly makalada habar berilýär.

         Janly tebigatyň milli muzeýi hemişe köp adamly. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gurlup, 40 gektardan gowrak meýdany tutýan toplumy doly aýlanyp çykmak üçin esli wagt gerek. Bu täsin dünýä janly-jandarlaryň ençemesini özünde jemleýär. Bu ýerde olaryň muşdaklary üçin ýabany we öý haýwanlarynyň, guşlaryň, süýrenjileriň we suwda ýaşaýan haýwanlaryň köpüsi bilen tanyşmaga mümkinçilik döredilen. Onda düýeguşlar, zebralar, geçigaplaňlar, žiraflar, sülgünler, lamalar, sugunlar, şeýle-de ýylanlaryň we maýmynlaryň dürli görnüşleri goralyp saklanylýar. Toplumyň haýwanlarynyň aglabasy Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň sanawyna girizilen, örän seýrek duş gelýän jandarlaryň wekilleridir.

Täsin künjek dört bölege bölünip, onuň gündogar böleginde Afrika sawannasy, ýyrtyjy haýwanlar, günbatar böleginde bolsa toýnaklylar we guşlaryň mekany ýerleşýär. Her bölümde ondaky haýwanlaryň suratlary, atlary we olar baradaky maglumatlar ýerleşdirilen.

         Muzeýiň çep tarapynda ýerleşýän suwda ýaşaýan jandarlaryň binasy bu ýere gelýänleriň ünsüni has-da özüne çekýär. Çünki geň jandarlaryň — deňiz ýyldyzlarynyň we liliýalarynyň, Hazar deňziniň we dünýä ummanynyň ýaşaýjylarynyň mesgen tutan uly akwariumlarynyň aňyrsyndaky üýtgeşik dünýäni gören islendik adamda uly täsir galdyrýar. Muňa Janly tebigatyň milli muzeýiniň guramaçy-tanyşdyryjysy Şirin Berdiýewa bilen «Watan» gazetiniň habarçysy Merjen Ýazlyýewanyň gürrüňdeşliginden hem aýdyň göz ýetirmek bolýar:

         — Häzirki wagtda Janly tebigatyň milli muzeýinde ýabany ýyrtyjylaryň, guşlaryň, süýrenjileriň we toýnakly haýwanlaryň 200-den gowrak görnüşi we suwda ýaşaýan jandarlar goralyp saklanýar. Bu gözellikleri tebigy şertlerde hemmeler görüp bilmeýär, emma bu ýerde bolsa olary bary-ýogy birnäçe metr aralykdan synlap durmaly. Haýwanlaryň rahat ýaşamagy, iýmitlenmegi üçin ähli zerur şertler döredildi. Hut şu sebäpden haýwanlarymyzyň sany ýyl geçdigiçe artýar.

         Toplumyň çäklerinde ýerleşýän galereýalarda ýurdumyzyň suratkeşleriniň türkmen tebigatyna mahsus çeken suratlary, 150 müň ýyl mundan öň türkmen topragynda ýaşap geçen haýwanlaryň emeli skeletiniň eksponatlarynyň üstüni ýetirýär. Alozawryň 6 metrlik heýkeli bu ýeriniň esasy eksponaty bolup, ony muzeýiň ýokarky gatlaryndan hem synlap bolýar.

         Gökderä uzalyp barýan ýoluň ýakasynda ýerleşýän Janly tebigatyň milli muzeýine ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelýän raýatlar janly-jandarlary synlap, türkmen tebigatynyň baý haýwanat we ösümlik dünýäsine haýran galýarlar. Esasan hem, çagajyklaryň gözlerinde tebigata, janly-jandarlara bolan söýgini mese-mälim duýup, görüp bolýar. San-sajaksyz özboluşly görnüşleri özünde jemleýän Janly tebigatyň milli muzeýine bir baryp görenler bu ajaýyp toplumy ýene-de görmek isleýärler.

Ответить