Eýranda Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklary boldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklary boldy. Olarda ýangyç-energetika, elektroenergetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda, gümrük edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyklarda birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara ynanyşmak esasynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi kanagatlanma bilen bellenildi hem-de Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň döwlet we hususy düzümleriniň netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigi aýdyldy.

Duşuşyklarda gazanylan ylalaşyklaryň ýakyn geljekde iş ýüzünde durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirildi.

Ответить