Amangeldi Babaýew / Ilkinji söýgim (goşgy)

Dörän wagty mende ilkinji söýgi,
Ýürege ornapdy üýtgeşik duýgy.
Sende tapdym şol sowalyň jogabyn,
Ýüregim seslendi «Söýgi bu, söýgi».


Şol wagtlar asla bilmändirin men,
Ýüregimde arman bolup galjagyň.
Süýji-süýji arzuw etdim ýürekden,
Görsem diýip, seniň bilen geljegim.


Aýralyk hasraty hüjüm eýledi,
Ýüregim gyýylyp, bagrym dilindi.
Ýürekdäki söýgä tapylman çäre,
Şeýdip ykbal ýollarymyz aýyrdy.


Ondan bäri nijeme ýyllar geçdi,
Ýolda-yzda käte sataşýaň maňa.
Aýdan nurly gül jemalyňy görüp,
Ýetip bilmän geçýän gijeden daňa.


Bir ýerde däl, gapma-garşy ýollarda,
Ýyllar geçip, bir gün çykdyň öňümden.
Ýekeje söz diýmän, seretmän maňa,
Geçip gitdiň nätanyş deý deňimden.

Gara gözleriňi unudyp bilmedim,
Wah, armanly söýgim, meni neýlediň?!
Saňa bolan söýgim beýan eýledim,
Şahyr däldim, yşkdan şahyr eýlediň.


Aramyza düşdi aýralyk ýoly,
Kysmat bu, çekmeli düşäýse başa.
Dilegim, balalaň, maşgalaň bilen,
Amangeldi aýdar, bagytly ýaşa.
2.08.2022.

Ответить